Sport

Sport

16.12.2018 | Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda ýeňijiler belli boldy

Paýtagtymyzyň “Saglyk ýolunda” şu ýyl skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda ylgaw ýaryşlary tamamlandy. Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň howandarlygynda “Agama” alpinist topary ýaryşyň guramaçysy boldy.


11.12.2018 | Futzal boýunça Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Kubogy «Talyp sporty» toparynda

Halkara Bitaraplyk gününiň baýram edilýän günlerinde Aşgabatda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 2018-nji ýylda futzal boýunça Bitaraplygyň Kubogynyň eýesi kesgitlendi. Bu toparlar bir hepdäniň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň meýdançalarynda erjel göreş alyp bardylar.


11.12.2018 | “Galkan” topary — hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi

Şu gün Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanyp geçirilen hokkeý boýunça ýaryşlar tamamlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň finalynda “Galkan” we “Watançy” toparlary duşuşdylar.


24.11.2018 | Küşt boýunça ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndy topary Daşkentde geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdi

Türkmenistanyň ýygyndy topary 16-23-nji noýabr aralygynda ýetginjekleriň arasynda Daşkentde geçirilen Günbatar Aziýa çempionatynda şowly çykyş etdi. Ýurtlaryň 11-sinden 300-e golaý ýaş küştçiler ýaşy 6-a, 8-e, 10-a, 12-ä, 14-e, 16-a, 18-e we 20-ä çenli ýaş toparlarynda baýrakly orun ugrunda bäsleşdiler. Ýaryş üç görnüşde: nusgawy, rapid we blis bäsleşikleri görnüşinde geçirildi.


10.11.2018 | Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionaty — sport we dostluk baýramçylygynyň nusgasy

Şu gün — Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň jemleýji güni. Olimpiýa şäherçesinde Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýapylyş dabarasy boldy. Şondan soň, erkekleriň we zenanlaryň toparlarynyň arasynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy guraldy.


10.11.2018 | Biziň pälwanlarymyz — sambo we söweş sambo göreşi boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medallarynyň eýeleri

Buharest (Rumyniýa) şäherinde geçirilen sambo we söweş sambo göreşi boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medallarynyň dördüsi ýurdumyzyň sport gazananlarynyň üstüni ýetirdi.


10.11.2018 | Ýewropanyň açyk MMA kubogy ugrundaky ýaryşlarda türkmen türgenleri ýedi medal gazandylar

Garyşyk göreşler boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary Polşa Respublikasynyň Plosk şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk MMA kubogy ugrundaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdi, Türkmenistanyň türgenleri ýedi medala – iki altyn, dört kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldular.


09.11.2018 | 2018-nji ýylyň dünýä birinjiligi: agyr agramlarda dünýä çempionlary belli boldy

Erkekleriň arasynda 109 kilograma çenli agramlyk derejede Ermenistandan gelen agyr atletikaçy Simon Martirosýan çykyşlaryň jemi boýunça dünýä çempiony boldy. Ol jemi 435 kilogram agramy göterip, täze dünýä rekordyny goýdy. Ermenistanly türgen bu netijäni birbada götermekde 195 kilogram agramlygy galdyryp gazandy. Şol görkeziji boýunça ol ikinji ýere mynasyp boldy. Ýöne itekläp götermekde 240 kilogram agramy göterip, dünýä rekordyny täzeledi we özünden soňky orny eýelän türgenden 12 kilogram agramlygy köp götermegi başardy.


08.11.2018 | 2018-nji ýylyň dünýä birinjiliginiň täze baýrak eýeleri

Şu gün Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýaryşlaryň sekizinji güni tamamlandy, onda erkekleriň arasynda 102 kilograma çenli hem-de zenanlaryň arasynda 81 kilograma çenli agramlyk derejelerde ýeňijiler belli boldy.


07.11.2018 | Dünýä çempionaty - 2018: Hytaý Halk Respublikasynyň ýygyndy topary bäsdeşlerinden öňe saýlanýar

Paýtagtymyzda agyr atletika boýunça dünýäde birinjiligi almak ugrundaky ýaryşlar dowam edýär. Erkekleriň arasynda 96 kilograma çenli agramlyk derejedäki bäsleşiklerde eýranly agyr atletikaçy Sohrab Moradi öňe saýlandy. Ol Rio-de Žaneýroda çempion, 2017-nji ýylda dünýäniň çempiony, 2018-nji ýylda Jakartada geçen Aziýa oýunlarynyň, şeýle hem geçen ýyl Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem ýeňiji boldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter