Sport

Sport

31.05.2015 | Jiu-jitsu boýunça türkmen ussatlarynyň üstünligi

Bangalor, 31-nji maý /TDH/. Şu gün Hindistanyň Bangalor şäherinde jiu-jitsu söweş sungaty boýunça Merkezi we Günorta Aziýa çempionaty tamamlandy. Şonda türkmenistanlylar medallaryň 14-sini /!/—sekiz altyn, iki kümüş we dört bürünç medal gazanyp, ýokary sport ussatlygyny görkezdiler.


31.05.2015 | Türkmen woleýbolçylary Aziýa çempionatynyň finalynda çykyş eder

Bangladeş döwletiniň paýtagty Dakka şäherinde geçirilen erkekleriň arasynda woleýbol boýunça Aziýanyň /Merkezi zolak/ zonal çempionaty Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Altyn medaldan we kubokdan başga-da, watandaşlarymyz şu ýylyň 25-nji iýulyndan 5-nji awgusty aralygynda Eýran Yslam Respublikasynda geçirilek Aziýa çempionatynyň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.


25.05.2015 | Sport syny

Geçen dynç alyş günleri paýtagtymyzda guralan köp sanly sport çäreleriniň hatarynda Tailandyň Pattaýa şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji bolan türkmen küştçilerini sarpalamak dabarasyny bellemelidiris. Gadymy oýnuň ýaş mukşdaklary dünýä çempionatynda iki altyn we bir bürünç medala mynasyp boldular.


23.05.2015 | Sebit guramasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi

Aşgabat, 23-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahat zalynda Merkezi Aziýa boýunça dopinge garşy sebit guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maslahaty boldy. Oňa gatnaşmak üçin Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Owganystandan, Pakistandan, Mongoliýadan, şeýle hem Bütindünýä dopinge garşy agentliginden wekiller türkmen paýtagtyna geldiler.


18.05.2015 | Baýramçylygyň hormatyna ýaryşlar

Şu günler ýurdumyzyň sport meýdançalarynda milli baýramçylyga—Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan ýaryşlaryň ençemesi geçirilýär.


08.05.2015 | Aziýanyň çempionatynyň öňüsyrasynda

Aşgabat, 8-nji maý (TDH). Şu gün «Galkynyş» sport toplumynda Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp, köpugurly söweş boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň final duşuşyklary geçirildi. Ýaryşa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdy. Olaryň hatarynda ýer eýeleri – paýtagtymyzyň türgenleri ýokary ussatlyk görkezip, umumy toparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler.


04.05.2015 | Türkmen karateçileriniň goşa ýeňşi

Şotokan karate boýunça ýakynda Tbiliside (Gruziýa) tamamlanan VI dünýä çempionatynda türgenlerimiz oňat netije gazandylar. Aýry-aýry kumite (tutluşyklar) we toparlaýyn kata (toplumlaýyn maşklar) görnüşlerinde gazanylan iki altyn we bir bürünç medal bilen Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň üsti ýetirildi.


30.04.2015 | Maksat Atabaýew — 2015-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy küştçüsi

Milli ýokary liga girýän erkekleriň arasynda küşt boýunça ýurdumyzyň çempionaty iň ýaş türkmen grossmeýsteri, 20 ýaşly aşgabatly küştçi Maksat Atabaýewiň ýeňşi bilen tamamlandy. Şäher sport komitetiniň küşt sport mekdebiniň wekili ýaryşyň barşynda bir gezek hem utulman, mümkin bolan 15 utukdan 11,5 utuk toplady. Ol 10 gezek ýeňiş gazandy we 5 duşuşygyny deňme-deň tamamlady.


30.04.2015 | Türkmenistanda köpçülikleýin sportuň biraýlygy tamamlandy

Aşgabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça tutuş ýurdumyzda 1—30-njy aprel aralygynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» şygary astynda geçirilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriniň biraýlygynyň ýapylyş dabarasy boldy.


30.04.2015 | Birinji milli awtomobil ýaryşynyň ýeňijileri kesgitlendi

Paýtagtymyzda «Aşgabat — Derweze — Aşgabat» awtomobil ýaryşy tamamlandy, ony Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Milli awtosport merkezi guradylar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter