Sport

Sport

29.04.2015 | “Aşgabat-Derweze-Aşgabat” ugry boýunça bäsleşik

Aşgabat, 29-njy aprel (TDH). Şu gün ir bilen Aşgabat-Daşoguz gara ýolunyň 10-njy kilometrliginden umumy uzynlygy 700 kilometrden gowrak bolan “Aşgabat-Derweze-Aşgabat” ugry boýunça awtomarafon bäsleşigine badalga berildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Milli awtosport merkezi bilelikde gurady.


22.04.2015 | Ýaryşa esasy gatnaşyjylar – ahalteke bedewleri

Gökdere, 22-nji aprel (TDH). Şu gün gözel Gökdere jülgesiniň golaýynda, dag eteginde her ýyl geçirilýän däbe öwrülen uzak aralyga atly ýöriş geçirildi. Halkara atçylyk-sport toplumynda bolsa bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşigi boldy. “Türkmenatlary” döwlet birleşigi, Sport baradaky döwlet komiteti we Atçylyk sportunyň milli merkezi tarapnydan guralan ýaryşlaryň ikisi hem Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlandy.


05.04.2015 | Ruhubelentleriň hatary artýar

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar astynda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriň her bir güni gyzykly çärelere we wakalara beslenýär.


03.04.2015 | Türkmenistanyň Halkara sport media – forumy guraldy

Aşgabbat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Aziada – 2017-ä hem-de parahatçylygyň we rowaçlygyň hatyrasyna sporty ösdürmekde Türkmenistanyň ornuna bagyşlanyp, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetiriji komitet, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan halkara maslahatynyň çäklerinde halkara sport media-forumy geçirildi.


03.04.2015 | Aziada-2017-ä bagyşlanan Halkara maslahaty başlandy

Aşgabat, 2-nji aprel /TDH/. Şu gün paýtagtymyzda “Aziada-2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny” atly Halkara maslahaty açyldy.


02.04.2015 | Türkmen kikboksçylarynyň altyn medallary

Kikboksyň türkmen mekdebiniň türgenleri köp ýyllaryň dowamynda halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezip gelýärler. Ine, bu gezek hem olar Latwiýada we Germaniýada ýakynda geçirilen uly ýaryşlaryň birbada ikisinde tapawutlandylar.


02.04.2015 | Sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýurdy

Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň ikinji güni welýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda küşt boýunça ýaryş bilen dowam etdi.


02.04.2015 | Aziada—2017-ä bagyşlanan Halkara maslahaty

Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Aziada—2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny” atly Halkara maslahaty açyldy.


01.04.2015 | Halkymyzyň sagdynlygynyň hatyrasyna

Aşgabat, 1-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanda “Saglyk we bagtyýarlyk” atly şygar bilen, köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik çäreleriň biraýlygy başlandy.


31.03.2015 | Aşgabatlylar we lebaplylar ýeňşi paýlaşdylar

Türkmenabat, 31-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenabat şäheriniň 5-nji ýöriteleşdirilen sport mekdebinde sport gimnastikasy boýunça Türkmenistanyň çempionaty boldy. Oňa ýurdumyzyň sebitleriniň birnäçesinden sportuň bu görnüşiniň ussatlarynyň 80-e golaýy gatnaşdy. Däp bolşy ýaly, medallar ugrundaky esasy göreş aşgabatlylaryň we ýer eýeleriniň arasynda ýaýbaňlandyryldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter