Sport

Sport

05.03.2015 | Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy

Aşgabat, 5-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda HTTU — “Balkanyň” duşuşygyndan ýokary liga toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň 23-nji çempionaty badalga aldy.


02.03.2015 | Türkmen karateçileri ýedi medaly eýelediler

Netanýa, 2-nji mart (TDH). Şu gün Ysraýylyň Netanýa şäherinde tamamlanan adaty karate boýunça halkara ýaryşynda biziň ildeşlerimiz jemi ýedi medala – 1 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medala mynasyp boldular. Bu bäsleşiklere 7 ýurtdan 100-den gowrak türgen gatnaşdy.


01.03.2015 | Bahar baýramy mynasybetli ýaryşlar

Geçen dynç alyş günleri 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, ýaryşlaryň birnäçesi geçirildi. Olaryň hatarynda “Türkmen bahary — 2015” ady bilen sport tansy hem-de zähmet toparlarynyň arasynda dzýudo we ýeňil atletika boýunça geçirilen ýaryşlary görkezmek bolar.


23.02.2015 | Ýaş türgenler uşu boýunça Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýärler

Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň ýeňil atletika boýunça ýöriteleşdirilen sport mekdebinde uşu boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Ol ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýaş türgenleriň 100-e golaýyny ýygnady.


22.02.2015 | Türkmen küştçüleriniň medallary we rekordlary

Türkmen küştçileri iri halkara ýaryşlarynda nobatdaky üstünlige eýe boldular. Golaýda Reşt şäherinde (Eýran Yslam Respulikasy) tamamlanan “Hazaryň kubogy” ýaryşynda ildeşlerimiz iki medala—kümüş we bürünç medallara, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda geçirilen “Moskow-open” ýaryşynda Maksat Atabaýew halkara grossmeýsteri diýen ada mynasyp boldy. M.Atabaýew şeýle ýokary sport derejesine eýe bolan Türkmenistanyň iň ýaş türgenidir.


19.02.2015 | “Ahal” – AFK-nyň Kubogynyň eýesi bilen bir toparda

AFK-nyň Kubogynyň häzirki eýesi “Al-Kadsiýa” (Kuweýt), şu ýaryşyň iki gezek finalçysy “Erbil” (Yrak) we Täjigistanyň üç gezek çempiony “Istiklol” toparlary Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň Kubogynyň iki gezek eýesi we wise-çempiony “Ahalyň” bäsdeşleri bolarlar.


18.02.2015 | “Ahal” topary AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň toparlaýyn tapgyryna çykdy

Aziýa futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky toparlaýyn ýaryşlarda Türkmenistanyň topary hem çykyş eder. “Ahal” topary öz bäsdeşlerinden üstün çykyp, bu hukuga mynasyp boldy.


16.02.2015 | Türkmen samboçylarynyň we ýeňil atletikaçylarynyň üstünlikleri

Türkmen türgenleri halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň ikisinde – Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde ýakynda geçen sport we söweş sambolary boýunça dünýäniň kubogy hem-de ýakynda Eýranyň paýtagty Tähranda geçirilen ýeňil atletika boýunça halkara ýaryşynda uly üstünlik gazandylar. Türkmenistanyň wekilleri jemi 10 medala mynasyp boldular, olaryň üçüsi altyn, üçüsi kümüş we dördüsi bürünç medaldyr.


15.02.2015 | “Galkanyň” nobatdaky ýeňişi

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan hokkeý boýunça ýaryş “Galkan” toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şenbe güni Aşgabadyň Gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly meýdançasynda ýurdumyzyň çempiony aýgytlaýjy duşuşykda “Nesil” toparyny 8:5 hasabynda utdy.


13.02.2015 | Uşu boýunça türkmen ussatlary alty medal gazandylar

Eýran Yslam Respublikasynyň Zahedan şäherinde uşu boýunça geçirilen Günbatar Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri uly üstünlige eýe boldular. Bu göreşiň “sanda” —tutluşyklar görnüşinde türgenlerimiz iki kümüş we dört bürünç medal gazandylar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter