Sport

Sport

15.01.2015 | 2014-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy türgenleriniň onusy

Ýakynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan berlen sanawa görä, hut şol sport ýaryşlarynyň ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolanlar 2014-nji ýylda has tapawutlanan türgenleriň onlugyny kesgitlemek boýunça bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Elbetde, halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolanlaryň örän köp bolandygy sebäpli iň gowy türgenleri kesgitlemek hünärmenlere aňsat bolmady.


15.01.2015 | Türkmen sporty täze belentliklere galýar

9-njy ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen ýylyň netijeleri jemlenildi, şol sanda, sport hereketini ösdürmek boýunça hem görkezijiler barada habar berildi: biziň türgenlerimiz halkara derejesindäki ýaryşlaryň 150-den gowragyna gatnaşyp, 400-e golaý medala eýe boldular!


11.01.2015 | Täze ýylda medallary gazanmagyň başy başlandy

Aziýa çempionatynda medallaryň sekizisi we halkara ýaryşynda bir bürünç medal 2015-nji ýylda halkara sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň ilkinji baýraklary boldy. Aziýanyň çempionaty Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilip, onda biziň watandaşlarymyz üç kümüş we bäş bürünç medal gazandylar. Onuň öň ýanynda bolsa türgenlerimiz Kataryň 2-nji halkara kubogy ugrundaky ýaryşyň bürünç baýragynyň eýeleri boldular. Jemi –dokuz medal.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter