Sport

Sport

27.10.2018 | «Altyn asyr» futbol topary — AFK kubogynyň kümüş baýragynyň eýesi

Aşgabadyň “Altyn asyr” topary türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň Kubogynyň finalynda çykyş edip, täze sahypa açdy.


10.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesine baryp gördi.


09.10.2018 | Türkmenistan — Aziýa paralimpiýa oýunlarynyň baýrak eýeleriniň hatarynda

Indoneziýanyň paýtagtynda geçýän Aziýa paralimpiýa oýunlarynda türkmenistanly türgen Sergeý Meladze şu gün pauerlifting boýunça ýaryşlarda bürünç medaly eýeledi.


03.10.2018 | “Altyn asyr” ilkinji gezek AFK-NYŇ Kubogynyň finalynda oýnar

Aşgabadyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň “April 25” toparyny geçirilen iki duşuşygyň netijeleri boýunça ýeňip, ilkinji gezek AFK — 2018-iň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykdy. Iki hepde mundan ozal Phenýanda geçen ilkinji oýun 2:2 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. Şu gün “Köpetdag” stadionynda geçirilen jogap duşuşygynda garşydaşlar ýene-de ýeňijini belli etmediler — hasap 1:1 tamamlandy. Ýöne, myhmançylykda geçirilen pökgüleriň sanynyň köp bolmagynyň hasabyna finalda oýnamak hukugyna Türkmenistanyň çempiony mynasyp boldy.


19.09.2018 | «Altyn asyr» AFK Kubogynyň interzolak final duşuşygynda deňme-deň oýnady

Azi­ýa Fut­bol Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ku­bo­gy­nyň in­ter­zo­lak fi­na­ly­nyň du­şu­şyk­la­ry baş­lan­dy.


17.09.2018 | Türkmen türgeni - erkin göreş boýunça halkara ýaryşyň baýrak eýesi

Belarus Respublikasynyň paýtagty Minskide tamamlanan erkin göreş boýunça halkara ýaryşda 79 kilograma çenli agram derejesinde ildeşimiz Döwletmyrat Orazgylyjow kümüş medal gazandy.


07.09.2018 | Türkmen samboçylarynyň Çarwadarlaryň oýunlaryndaky üstünligi

Şu gün Gyrgyzystanda geçirilýän Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda sambo boýunça ýaryşlar başlandy, onda türkmenistanly türgenler ýeňiş gazanmagy başardylar. Biziň ýygyndymyz ýene-de üç medala — iki altyn we bir bürünç medala mynasyp boldy.


06.09.2018 | Çar­wa­dar­la­ryň oýun­la­ryn­da ýig­ri­mi üçün­ji me­dal

Çar­wa­dar­la­ryň III Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da aba gö­re­şi bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ril­di, on­da türk­men tür­gen­le­ri no­bat­da­ky kü­müş me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Bu ge­zek 80 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­de çy­kyş eden il­de­şi­miz Işan­my­rat Ata­ýew ta­pa­wut­lan­dy.


05.09.2018 | Çarwadarlaryň oýunlary: ýygyndymyzyň gazananlarynda ýene-de 5 medal artdy

Şu gün Gyrgyzystanda geçirilýän Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda türkmen türgenleri gazananlarynyň üstüni ýene-de 5 medal bilen artdyrdylar. “Gyrgyz göreşi” boýunça ýaryşlarda türgenlerimize üstünlik ýar boldy.


04.09.2018 | Üç günde — 17 medal

Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynyň üçünji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazananlarynyň üsti medallaryň ýene-de bäşisi bilen ýetirildi. Olaryň hatarynda üç altyn, bir kümüş we bir bürünç medallar bar. Ýaryşa gatnaşýan halklaryň milli göreşiniň görnüşlerinde üstünlikli çykyş etmek biziň türgenlerimiz üçin oňat däbe öwrüldi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter