Sport
04.11.2018 | Türkmen karateçileri Wengriýada geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler
Wengriýanyň Giýor şäherinde 2-4-nji noýabr aralygynda geçen aşihara – karate boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri altyn medallaryň dördüsine mynasyp boldular. Ýaryşlara 14 ýurtdan 200 türgen gatnaşdy we bäsleşikler çekeleşikli hem-de dostlukly ýagdaýda geçdi.
02.11.2018 | Dünýä çempionatynda Türkmenistanyň toparynyň ilkinji medallary
Şu gün paýtagtymyzda geçýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ilkinji ýeňijiler mälim boldy. Olaryň hatarynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa hem bar.
01.11.2018 | Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty badalga aldy
Türkmen paýtagtynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy.
01.11.2018 | Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty başlandy
Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionaty Agyr atletika boýunça Halkara federasiýasy tarapyndan agram derejeleri özgerdilenden soňra, ilkinji gezek geçirilýändigi sebäpli aýratyn ähmiýete eýedir.
31.10.2018 | Aşgabatda IWF-niň kongresi geçirildi
Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynda Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) kongresi geçirildi.
28.10.2018 | Türkmenistanly pälwanlar dünýä çempionatynda 14 medal gazandylar
Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda nusgawy hem-de erkin görnüşlerde guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzyň ýygyndy topary üçin üstünlige beslendi. Ýaryşlara 38 ýurtdan 200-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmen türgenleri 14 medala — dört altyn, alty kümüş we dört bürünç medala mynasyp boldular.
28.10.2018 | Aşgabatda iri sport ýaryşynyň komitetleriniň mejlisleri geçirilýär
Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda 1-nji noýabrda badalga beriljek Agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň lukmançylyk, tehniki, tälimçiler we ýerine ýetiriji komitetleriniň ilkinji mejlisleri geçirildi.
27.10.2018 | «Altyn asyr» futbol topary — AFK kubogynyň kümüş baýragynyň eýesi
Aşgabadyň “Altyn asyr” topary türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň Kubogynyň finalynda çykyş edip, täze sahypa açdy.
10.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesine baryp gördi.
09.10.2018 | Türkmenistan — Aziýa paralimpiýa oýunlarynyň baýrak eýeleriniň hatarynda
Indoneziýanyň paýtagtynda geçýän Aziýa paralimpiýa oýunlarynda türkmenistanly türgen Sergeý Meladze şu gün pauerlifting boýunça ýaryşlarda bürünç medaly eýeledi.