Sport

Sport

12.05.2018 | Türkmen samboçylarynyň Aziýanyň çempionatyndaky üstünlikli çykyşy

Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde geçirilýän sambo boýunça Aziýa çempionatynda milli ýygyndy toparymyz 11 medal, şol sanda bäş altyn, 2 kümüş we 4 bürünç medal gazandy. Çempionata ýurdumyzdan 13 türgen gatnaşýar.


03.05.2018 | “Altyn Asyr” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäsleşigi dowam etmäge mümkinçiligi saklaýar

“Altyn Asyr” we “Ahal” toparlary Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda bäsdeşleri bilen öz ýerlerinde duşuşdylar.


28.04.2018 | Türkmenistanly boksçy — Aziýanyň çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi

Bangkokda (Tailand) tamamlanan ýetginjekleriň arasynda boks boýunça Aziýanyň çempionatynda Saparmyrat Ödäýew 64 kilograma çenli agramlyk derejede ikinji orna mynasyp boldy.


28.04.2018 | Agyr atletikaçylaryň yklym birinjiliginde gazanan medallary

Özbegistanyň Ürgenç şäherinde dowam edýän ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň türgenleri bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldular.


28.04.2018 | Türkmen woleýbolçylarynyň altyn medallary

Bangladeşiň paýtagty Dakka şäherinde geçirilen zonal Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary uly üstünlik gazandy. Biziň ýurdumyzyň ýygyndy topary nobatdaky altyn medala mynasyp boldy.


25.04.2018 | Türkmenistanyň woleýbol ýygyndy topary Aziýanyň bäsleşiginde finala çykdy

Dakka şäherinde (Bangladeş Halk Respublikasy) woleýbol boýunça Aziýanyň çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary finala çykyp, indi bäsleşigiň ýer eýeleri bilen duşuşarlar.


25.04.2018 | Reýimbergen Jumaýew - agyr atletika boýunça Aziýanyň çempiony

Türkmen türgenleri Ürgenç (Özbegistan) şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça geçirilýän Aziýa çempionatyndaky üstünlikli çykyşlaryny dowam edýärler.


25.04.2018 | “Altyn asyr” AFK-nyň Kubogynda “Ahaldan” üstün çykdy

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky bäsleşikleriň çäklerinde Balkanabatda toparlaýyn tapgyryň “D” toparynda geçirilen dördünji aýlawda türkmen futbol klublarynyň arasynda ikinji duşuşyk geçirildi. Onda “Altyn asyr” topary “Ahal” toparyny - 1:0 hasabynda sähelçe artykmaçlyk bilen utdy. Oýnuň birinji ýarymyna goşmaça goşulan wagtda paýtagtly toparyň oýunçysy Serdar Geldiýew pökgini derwezä saldy.


24.04.2018 | Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda şowly badalga aldylar

Ürgenç şäherinde (Özbegistan) badalga alan agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda şu ýyl Argentinada geçiriljek III Ýetginjekler olimpiýa oýunlaryna ýollanmalar ugrunda bäsleşilýär.


15.04.2018 | Taekwondo boýunça ýurdumyzyň çempionlary kesgitlendi

Paýtagtymyzda Taekwondo (ITF) boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Onda agram derejeleriniň ýedisinde “başa-baş” we “tuli” görnüşlerinde medallar toplumynyň 18-si ugrunda bäsleşildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter