
Şeýle hem okaň
14.01.2021 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
12.01.2021 | Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyna täze ilçisiniň bellenildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli tutumly işleriň täze döredilýän kinossenarilerde, pýesalarda, romanlarda, powestlerde, iri göwrümli poemalarda çeper beýan edilişini hem-de olaryň kämil many-mazmunly bolmagyny gazanmak, dünýäniň taryhynda müdimilik yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň buýsançly keşbini ebedileşdirmek, ýurdumyzyň ilatly ýerleriniň ruhy-medeni keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem geljekde ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda goýuljak heýkelleri, ýerleşdiriljek portretleri seçip almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky kinossenarileriň, pýesalaryň, romanlaryň, powestleriň, iri göwrümli poemalaryň çeperçilik derejesini kesgitlemek baradaky döwlet toparynyň düzümi;
Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda heýkelleri goýuljak şahsyýetleriň sanawyny kesgitlemek we goýuljak heýkelleri seçip almak boýunça döwlet toparynyň düzümi;
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Ýadygärlikleriň, heýkelleriň, şäherlerde, köçelerde, binalarda hem-de beýleki ýerlerde ýerleşdirilýän portretleriň hiliniň, çeperçiliginiň, özboluşlylygynyň, asyl nusgasyna laýyklygynyň derejesini kesgitleýän bilermenler geňeşiniň düzümi tassyklanyldy.
***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, ulag toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine — esaslyk maýadaky paýy 35 göterim, Awtomobil ulaglary ministrligine — esaslyk maýadaky paýy 10 göterim, Aragatnaşyk ministrligine — esaslyk maýadaky paýy 5 göterim, “Türkmenhowaýollary” gullugyna — esaslyk maýadaky paýy 5 göterim, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna — esaslyk maýadaky paýy 10 göterim hem-de Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna — esaslyk maýadaky paýy 5 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
***
“Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, daşalýan howply ýükleriň awtoulagda howpsuz daşalmagyny, ýüklenmegini we düşürilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda howply ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünleri hem-de Türkmenistanda awtoulagda daşamaga rugsat berlen howply ýükleriň sanawy tassyklanyldy.
Awtomobil ulaglary ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün