
Şeýle hem okaň
21.01.2021 | Saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy
20.01.2021 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!
Siziň ýurduňyz durmuş-ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýar, Merkezi Aziýa sebitinde we onuň çäklerinden alyslarda uly abraýdan peýdalanýar.
Russiýa — Türkmenistan gatnaşyklary dostlugyň we birek-birege hormat goýmagyň asylly däplerine esaslanýar. Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk hakynda şertnamanyň ýakynda güýje girmegi ähli ugurlarda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa, gürrüňsiz, biziň umumy bähbitlerimize laýyk gelýär, sebitiň durnuklylygyny we howpsuzlygyny berkidýär.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglygyny we üstünlikleri, Siziň watandaşlaryňyza bolsa tüýs ýürekden abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
Türkmenistanyň erkinligine we özygtyýarlylygyna eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli, ýurduňyzda 27-nji sentýabryň baýram edilmegi mynasybetli amerikan halkynyň adyndan mähirli gutlaglarymyzy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!
Amerikanyň Birleşen Ştatlary umumy maksatlarymyza ýetmek üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna uly sarpa goýýar. Şol maksatlar sebitiň howpsuzlygyny we durnuklylygyny artdyrmak, şeýle hem sebitdäki gatnaşyklary berkitmek boýunça bilelikdäki işleri öz içine alýar.
Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy giňeltmäge gönükdirilen yzygiderli tagallalary üçin Türkmenistana tüýs ýürekden hoşal bolup, parahatçylyga we rowaçlyga beslenen röwşen geljegi gurmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlygymyzy dowam etmäge ygrarly bolup galýarys.
Hormatlamak bilen,
Donald Tramp,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Jenap Prezident!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Sizi we Siziň halkyňyzy öz adymdan hem-de watandaşlarymyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistan sebitde möhüm orun eýeleýär. Biziň ýurdumyzyň Siziň ýöredýän goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklar syýasatyňyzy hemmetaraplaýyn goldaýandygyna ynandyrmak isleýärin.
Şeýle hem Siziň ýurduňyza bolan aýratyn gyzyklanmany döreden, Berlinde guralan “Margiana” sergisiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlaýaryn.
Size hem-de Siziň maşgalaňyza abadançylyk we jan saglygyny, türkmen halkyna bolsa erkin, howpsuzlyk hem-de abadançylyk şertlerinde asuda geljegi arzuw edýärin.
Frank-Walter Ştaýnmaýer,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Türkmenistanyň milli baýramçylygy mynasybetli Fransiýanyň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Size we türkmen halkyna üstünlikleri hem-de gülläp ösmegi arzuw edýärin.
Men ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklarymyzyň berkemegini goldaýaryn, şolaryň netijesinde, 2017-nji ýylyň noýabrynda Daşary işler ministrliklerimiziň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Esasy sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin şol geňeşmeleriň ozalkysy ýaly yzygiderli esasda geçiriljekdigine umyt edýärin.
Türkmenistanyň bitaraplyk ýoluny saýlap almagyny hem-de parahatçylyk ugrunda Siziň ýurduňyzyň öňe sürýän başlangyçlaryny Fransiýanyň goldamagy dowam etjekdigine ynandyrmaga rugsat ediň!
Siziň ýurduňyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça taslamalara fransuz kompaniýalarynyň gatnaşmagyny kanagatlanma bilen belleýärin. Fransiýa hyzmatdaşlyk etmek, aýratyn-da, döwlet we hususy pudaklarda geljekki hünärmenleri taýýarlamaga ýardam etmek üçin ylym we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hereketlerini dowam etmäge taýýardyr.
Men şeýle hem fransuz — türkmen arheologiýa toparynyň çäklerinde iki ýurduň alymlarynyň bilelikde geçiren işlerini ýene bir gezek bellemek isleýärin. Bu topar 2001-nji ýyldan bäri Ulugdepe diýen ýerde işläp, türkmen halkynyň baý mirasyny artdyrmak maksady bilen zähmet çekýär. Men, aýratyn-da, bu toparyň işini dowam etmek hakynda ýakynda ylalaşyga gol çekilendigine şatdyryn. Munuň özi biziň ylmy hyzmatdaşlygymyzyň hilini alamatlandyrýar.
Hormatly jenap Prezident, meniň Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Emmanuel Makron,
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Türkmenistanyň milli baýramçylygy — Garaşsyzlyk güni Sizi hem-de Siziň halkyňyzy bu şanly waka bilen gutlamaga ýakymly mümkinçilik döredýär.
Täjigistan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýär, şol gatnaşyklar soňky ýyllarda strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe boldy.
Munuň üçin biz iki ýurduň eýe bolan kuwwatyny doly peýdalanmaga hem-de halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge taýýardyrys.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we işde üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Sizi we Siziň halkyňyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistan ýurduňyzyň garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden ýakyn we goňşy ýurtlar hökmünde örän oňat we hoşniýetli gatnaşyklaryny görkezdiler, bu gün bolsa Türkmenistan Siziň ýolbaşçylygyňyzda we tagallalaryňyz netijesinde gülläp ösýän görnükli ýurda öwrüldi.
Medeni baýlygy we umumy taryhy kökleri bilen ruhlanan iki goňşy ýurduň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy hem-de öz halklarynyň abadançylygyny berkitmek üçin syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak ugrunda öňe tarap hereket etjekdigine umyt edýärin.
Beýik Biribardan Size jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.
Hasan Ruhani,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny öz adymdan, Owganystanyň hökümetiniň we halkynyň adyndan gutlaýaryn!
Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň uly ösüşlere ýetendigini bellemäge şatdyryn. Türkmen döwletiniň syýasy we ykdysady ugurlarda ösmegi, hususan-da, Mary DES-niň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän bug-gaz elektrik stansiýasynyň, şeýle hem Balkan welaýatynda himiýa dökünlerini öndürýän “Garabogazkarbamid” zawodynyň ulanmaga berilmegi dostlukly we doganlyk Türkmenistany senagatlaşdyrmak işinde Siziň Alyhezretiňiziň örän uly tagallalarynyň hem-de hoşniýetli erk-isleginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.
Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty netijesinde, häzirki zaman ykdysadyýetiniň berkidilmegi durnukly we ösýän goňşusy bolan Owganystanyň parahatçylygy we ösüşi gazanmak ugrunda ýoluny üstünlikli dowam etmegine umyt döredýär.
Iki ýurduň mähirli özara gatnaşyklary ýokary derejede bolup, olaryň geljekde hem hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, hususan-da, düzüm taslamalaryny amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümeti iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara we hoşniýetli maksatlara ygrarly bolup, şol gatnaşyklary has-da ösdürmäge we berkitmäge taýýardygyny beýan edýär.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglygyny we uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Mohammad Aşraf Gani,
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.
Biziň ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlarda ösýän hyzmatdaşlygyň özara bähbitli esasda dowam etjekdigine we geljegi ugur edinjekdigine tüýs ýürekden umyt edýärin. Şonuň netijesinde, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegiň we dostlugyň, olaryň abadan durmuşynyň we bagtyýarlygynyň berkejekdigine ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize jan saglyk we üstünlik, Siziň beýik ýurduňyza gülläp ösmek baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.
Mun Çže In,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň!
Çehiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky däbe öwrülen ajaýyp gatnaşyklaryň işjeň ösýändigini bellemäge örän şatdyryn. Şol gatnaşyklar hemişe dostluk, hyzmatdaşlyk we birek-birege hormat goýmak ruhunda ösüp, şolaryň geljekde hem ilerlejekdigine ynanýaryn.
Siziň Alyhezretiňiz, Size jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de gülläp ösmek baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy kabul ediň!
Miloş Zeman,
Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
Türkmenistanyň Milli baýramçylygy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize türkmen halkynyň abadançylygy, şeýle hem gülläp ösmegi we rowaçlygy baradaky gutlaglarymy we tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy beýan edýärin.
Marselu Rebelu di Soza,
Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de dostlukly türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy ýollamak meniň üçin uly şatlykdyr we hormatdyr. Birleşen Arap Emirlikleriniň halkynyň bu waka mynasybetli Siziň halkyňyz bilen şatlygyny paýlaşýandygyny olara ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.
Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden saglyk, bagtyýarlyk, üstünlikleri şeýle hem Türkmenistanyň dostlukly halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy beýan edýärin.
Tüýs ýürekden dostluk we hormat baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
Milli baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy, şeýle hem türkmen halkyna rowaçlyk we bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollamak mende örän uly kanagatlanma döredýär.
Ýelizaweta II,
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Milli baýramyňyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de türkmen halkynyň gülläp ösmegi baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Karl Gustaw,
Şwesiýanyň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, şeýle hem türkmen halkyna gutlaglarymy hem-de abadançylyk we saglyk baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn.
Hormatlamak bilen,
Filipp,
Belgiýanyň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize öz adymdan, Saud Arabystany Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollamaga şatdyryn.
Siziň Alyhezretiňize jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösmegi arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatym baradaky arzuwlarymy kabul ediň!
Siziň doganyňyz,
Iki mukaddesligiň hyzmatkäri
Salman Ben Abdel Aziz Al Saud,
Saud Arabystanynyň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň dostlukly ýurduňyzyň milli baýramçylygy — Garaşsyzlyk gününi bellemegi mynasybetli Bahreýn Patyşalygynyň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan iň gowy arzuwlarymy we tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollaýaryn.
Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglygyny we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw edýärin.
Hamad Bin Isa al-Halifa,
Bahreýniň Patyşasy.
Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün