Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi

 

Şu gün BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt maksatnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk geçirildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň düzümine girmeýän ýurtlar bilen gatnaşyklaryň guraly hökmünde Ýurt maksatnamasy uzak möhletleýin esasda guralýan hem-de anyk netijelere gönükdirilen däp bolan köpýyllyk hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrülmelidir.

Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ýurdumyzyň we BMGÖM-niň arasynda netijeli gatnaşyklara, dürli ugurlarda, şol sanda durmuş-ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda we beýlekilerde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ýardam eder.

BMGÖM-niň wekilleri türkmen tarapyna mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň resminamalaryny taýýarlamak boýunça geçirilen uly işler üçin hoşallyk bildirdiler hem-de Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny milli maksatnamalara goşmaga örän jogapkärli çemeleşýändigini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, täze Ýurt maksatnamasynda Durnukly ösüş maksatlarynyň many-mazmuny beýan edilýär. Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy Gün tertibinde beýan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ählisini, ýagny, 17-sini milli derejede kabul eden ilkinji ýurtlaryň biri boldy. Şolaryň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda EKOSOS-nyň Syýasy forumynyň çäklerinde Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça ilkinji Meýletin milli synyny hödürledi. Ol BMG-niň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Ýurt maksatnamasynyň esasy ugurlary we ony durmuşa geçirmäge çemeleşmeler barada pikir alşyp, Türkmenistanyň we BMGÖM-niň ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine laýyk gelýän köpugurly netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

***

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara pul gaznasynyň synynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen tanyşdyrylyş çäresinde Merkezi Aziýa we Kawkaz sebiti döwletleri üçin «Sebitleýin ykdysadyýetiň ösüşiniň geljegi» atly mowzuk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wideomaslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, ählumumy giňişlikde emele gelen häzirki ýagdaýyň şertlerinde dünýäniň ähli döwletleriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak uly ähmiýete eýe bolýar. Şu işde esasy maliýe düzümlerine, ilkinji nobatda bolsa Halkara pul gaznasyna möhüm orun degişlidir.

Hödürlenen synda dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyny ösdürmegiň ugurlary seljerildi hem-de Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň geljegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Synda geljek ýyl üçin ösüşiň bahalarynyň üýtgemegi bilen baglylykda, HPG bu ugurda degişli çäreleri görmek maksady bilen, halkara hem-de sebit maliýe düzümleri bilen degişli işleri geçirýär.

Çäräniň barşynda hökümetler tarapyndan СOVID-19-yň milli ykdysadyýetlere täsirini azaltmak hem-de öz ýurtlarynda durnuklylygy pugtalandyrmak üçin ädýän ädimleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ählumumy çökgünligiň ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ösüşine edýän ýaramaz täsirini azaltmak maksady bilen, giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu çäreler halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda oňyn görkezijileri üpjün etmäge ýardam etmelidir.

***

Şu gün Dokma senagaty ministrliginde wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşygyň barşynda BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) taslamalarynyň birnäçesiniň tanyşdyrylyşy boldy.

Häzirki wagtda pudakda hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, täze, ýokary tehnologiýaly toplumlary, ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmagyň esasynda dürli görnüşli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän, gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek boýunça öňde goýan giň möçberli wezipeleri durmuşa geçirilýär.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyga gatnaşyjylar dokma we halyçylyk pudaklarynda UNIDO bilen ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty hem-de Türkmenistanda telekeçilik bilen meşgullanmak üçin amatly ýagdaýyň döredilmegi ýokary goşmaça bahaly önümleri öndürmek we olary daşary ýurtlara ibermek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şol bir wagtyň özünde içerki islegleri hem-de dünýä bazarynyň talaplaryny nazara almak bilen, bu ulgamyň kuwwatyndan doly derejede peýdalanylmagy maliýe-ykdysady görkezijileri ösdürmek bilen birlikde ýurdumyzyň dokma senagatynyň hem-de haly önümçiliginiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

***

Şu gün Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýan bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen onlaýn –duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine aýratyn üns berildi. Onda howpsuzlyk hem-de söwda-ykdysady, ulag we energetika ulgamlarynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, özleriniň netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge çalyşýandygyny tassykladylar. Bilim, daşky gurşawy goramak, ykdysadyýet, hususy telekeçiligi hem-de oba hojalygyny goldamak ulgamlarynda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň onlarçasy gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Piter Buriýanyň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli we öňdengörüjilikli syýasaty hem-de öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlary Ýewropada giňden goldanylýar. Şol başlangyçlar bolsa dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar şeýle maslahatlaşmalaryň hem-de duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

***

Şeýle hem şu gün Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk arkaly Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejededigi, häzirki zaman lukmançylygynyň dürli ugurlar boýunça bilelikdäki möhüm taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Hans Klýuge ýurdumyzyň ilatyň saglygyny goramak ulgamynda gazanan uly üstünliklerine ýokary baha berip, şolaryň ählisiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we enjamlaryny ulanmak arkaly ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Adamzada uly howp salýan koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, jenap Hans Klýuge golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlige salgylanyp, türkmen Lideriniň gymmatly başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sebit boýunça edarasynyň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda ýokanç keseller boýunça dünýädäki epidemiologik ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, BSGG-niň ýardam bermeginde Türkmenistanda halkara standartlara laýyklykda keselleriň öňüni almak we olary anyklamak boýunça yzygiderli işler ýola goýuldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýokanç keselleriň öňüni almagyň milli ulgamyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, arassaçylyk-epidemiologiýa gözegçiligi boýunça çäreleri güýçlendirmegiň zerurdygyny bellediler.

***

Şu gün Daşary işler ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Adalat, Energetika ministrlikleriniň, şeýle hem «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda taraplar energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň, Energetika Hartiýasynyň Ylalaşygyny döwrebaplaşdyrmagyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar, ählumumy gün tertibiniň dünýä bazarlaryna täsirini hem-de abraýly guramalaryň çäklerinde mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň halkara-hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Munuň özi häzirki wagtda Ýewropanyň we Aziýanyň onlarça ýurduny birleşdirýän energetika hartiýasynyň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ygtybarlylygynyň hem-de goraglylygynyň kepillikleri barada öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy. Bular BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda berkidildi.

Bellenilişi ýaly, energetika meselesiniň ählumumy häsiýete eýe bolmagy energetika bilen bagly ýagdaýlary türkmen diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň hataryna goşdy. Energiýa serişdelerini uly möçberde iberýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmäge gatnaşmagy bu diplomatiýanyň möhüm ugruna öwrüldi.

Tebigy gazyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we onuň çägini giňeltmek ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň möhüm meseleleriniň biridir. Şundan ugur almak bilen, köpugurly gazulag ulgamyny döretmek babatda iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň energetika ulgamynda uzak möhletli durnuklylygy gazanmak, degişli düzümi döretmegiň hasabyna sarp edijileriň ykdysady taýdan bähbitli, ekologiýa taýdan arassa energiýa serişdelerine giň elýeterliligini üpjün etmek üçin sebitleýin energetika bazarlarynyň ýakynlaşmagyny ilerletmek baradaky işini goldaýar.

Urban Rusnak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän türkmen döwletiniň halkara energetika gatnaşyklaryna goşýan goşandyna ýokary baha berip, Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň işine işjeň gatnaşýandygynyň ýurdumyzyň Ýewraziýa energetika giňişliginde eýeleýän ornuny berkitmäge ýardam edýändigini nygtady. Şol giňişlikde bolsa hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.

***

Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly «ÝUNESKO: Ýüpek ýoly we gadymy Merwiň tutýan wajyp orny» atly çykyş guraldy.

Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň öňünde «University College of London» ýokary okuw mekdebiniň Arheologiýa institutynyň professory, ÝUNESKO-nyň ýüpek ýollary boýunça baş maslahatçysy Timoti Wilýams çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň çäginde bilelikdäki arheologik ekspedisiýalaryň işine ençeme gezek gatnaşdy.

Gadymy Merw köp ýyllaryň dowamynda alymda uly gyzyklanma döredýär. Onuň ýolbaşçylygynda London uniwersitetiniň Arheologiýa institutynda ýörite taslama durmuşa geçirilýär. Bu institutyň taryhy ýadygärlikleri goramak we öwrenmek meselelerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýändigini bellemelidiris.

London uniwersitetiniň Arheologiýa institutynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň uly gyzyklanma bildirýän kitaplarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseri bar. Angliýaly alym milli Liderimize ýurdumyzda taryhy-medeni mirasy öwrenmek we wagyz etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler, halkara ylmy hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça döredilýän mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Çykyşyň dowamynda Gadymy Merwiň gymmatlyklary, onuň suwaryş ulgamlarynyň aýratynlyklary, Murgap derýasynyň orny we beýlekiler barada durlup geçildi. Professor häzirki zaman geomorfologik barlaglaryň, paleogeografiýa, aero we älem kartografiýasy ulgamynda gazanylanlaryň ähmiýetini nygtady.

Arheologik barlaglar Ýewropanyň we Hytaýyň arasyndaky kerwen ýollary emele gelmezinden iki müň ýyl ozal bu ýerde eýýäm Marguşy Hindistanyň we Mesopotamiýanyň gadymy siwilizasiýalary bilen birleşdiren söwda ýollary bolandygyny görkezýär. Kerwen ýollary häzirki Türkmenistanyň ep-esli çäginden geçipdir.

Çykyş tamamlanandan soň, diňleýjilere sanly wideoaragatnaşyk arkaly alyma sowallary bermek mümkinçiligi döredildi.

 
 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter