
Şeýle hem okaň
21.01.2021 | Saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy
20.01.2021 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Kanadanyň Türkmenistandaky (edarasy Ankarada ýerleşýän) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aşraf Hohar bilen onlaýn-duşuşyk geçirdi.
Taraplar iki ýurduň ähli ugurlarda oňyn gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler. Hususan-da, syýasy-diplomatik ulgamda gatnaşyklaryň möhümligi we halkara derejesindäki wajyp meseleleri çözmekde garaýyşlaryň ýakynlygy bellenildi.
Koronawirus pandemiýasy zerarly dörän ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmagyň jähtinden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň COVID-19 keseline garşy durmaga ylym diplomatiýasynyň gurallaryny çekmek, şol sanda alym-lukmanlaryň halkara Geňeşini döretmek boýunça başlangyjynyň wajyplygy nygtaldy. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.
Türkmen-kanada gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bellenildi.
Gepleşikleriň ahyrynda Kanadanyň Türkmenistandaky ilçisi Aşraf Hohar döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösüşi üçin bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdygyny beýan etdi.
Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün