Türkmen hünärmenleriniň «akylly öý» — ýaşaýyş jaýyny sanlylaşdyrmak taslamasy | TDH
Jemgyýet

Türkmen hünärmenleriniň «akylly öý» — ýaşaýyş jaýyny sanlylaşdyrmak taslamasy

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň binalarynyň açylyş dabarasy ýatdan çykmajak täsir döretdi. Ýaşamak üçin ähli amatly şertler döredilen bu ajaýyp binalardaky öýlerde «akylly öý» intellektual ulgam ornaşdyryldy.

Bu taslama türkmen talyplary, şol sanda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary işjeň gatnaşdylar. Olar awtomatlaşdyrmak, elektronika, robot tehnikasy, internet we beýleki ählumumy sanlylaşdyrmagyň barşynda yzygiderli giňeldilýän bilimleri we başarnyklary öwrenýärler.

Häzirki wagtda Türkmenistanda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ähli ulgamlar we pudaklar özgerdilýär. Bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini başarnykly çözýändiklerini özboluşly «akylly öý» taslamasyny düzmek bilen subut etdiler, ol üstünlikli durmuşa geçirildi.

Bu ýerde ähli elektrik enjamlaryny uzak aralykdan, mysal üçin, smartfon ýa-da ses buýrugy arkaly dolandyrmak mümkin. Ýagny ulanyjy diňe bir ykjam telefonda ýazmak arkaly belli bir buýruklary bermek bilen çäklenmän, eýsem, onuň kömegi arkaly özüniň elektrik abzallary bilen «gürleşip» bilýär.

Ýörite işlenip düzülen üpjünçilik programmasy işleriň yzygiderli amala aşyrylmagyna ýardam edýär we dolandyrylýan enjamlaryň ählisiniň häsiýetnamalary barada giňişleýin maglumat berýär.

Ýaşaýyş jaýlarynyň şunuň ýaly awtomatlaşdyrylan ulgamy yşyklandyryşa, ýyladyşa, howany çalyşmaga we sowatmaga, howpsuzlyga gözegçiligi we olary dolandyrmagy özünde jemleýär.

Mysal üçin, akylly-başly ornaşdyrylan abzallar çyranyň diňe adam bar ýerinde ýanmagyny üpjün edýär. «Akylly öýlerde» awtomatlaşdyrylan perdeler we žalýuzlar göz öňünde tutulandyr, olar Gün şöhlesini we ýylylygy has netijeli peýdalanmaga ýardam edýär. Munuň üçin ulgam gije-gündiziň wagtyny, ýylyň paslyny hem-de daşardaky howany hasaba alýar.

Ykjam telefonlaryň we ses buýrugynyň üsti bilen uzak aralykdan dolandyrylýan gorag ulgamy jaýlaryň howpsuzlygynyň toplumlaýyn çözgüdi boldy. Ol gapylaryň we penjireleriň internet ýa-da barmak yzlary boýunça awtomatiki ýapylyşyny we açylyşyny üpjün edýär. Abzallar oturdylan penjireler ýel ýa-da ýagyş bar wagtynda, howa şertlerine görä, özbaşdak ýapylýar.

Şol buýruklaryň ýerine ýetirilen wagtynda ykjam telefona SMS, MMS habarlary ýa-da ses duýdurmalary we jaňlar gelýär. Mundan başga-da, hereket datçiklerinden domofondan duýduryş gelen ýagdaýynda, öýde näme bolýandygyny görmek üçin suratlary we wideoýazgylary almak, şeýle hem onlaýn wideogözegçiligi amala aşyrmak mümkinçiligi bar.

«Akylly öýüň» işleýşi buýruklary ýerine ýetirmek ýörelgesine esaslanandyr, özi-de merkezi gözegçi olary adamdan, şonuň ýaly-da, abzallardan hem alyp bilerler. Ilkinji ýagdaýda siz ses buýrugy, dolandyryş düwmesi ýa-da smartfon arkaly ulgamdan sowadyjyny işletmegi ýa-da ýyladyşy gowşatmagy haýyş edip bilýärsiňiz, merkezi prosessor buýrugy işläp, ony degişli enjama ugradýar.

Ikinji ýagdaýda adamyň tagallasy talap edilmeýär. Kompýuter ozal berlen algoritmlere laýyklykda belli bir wagtda enjamlara buýruk berýär ýa-da onuň özi şertleriň üýtgemegine baglylykda, abzallaryň görkezijileri boýunça çözgütleri kabul edýär.

Mysal üçin, howany kadalaşdyryjy ulgamlarda gyzgynlygy hem-de çyglylygy görkeziji enjamlar ulgama degişli maglumatlary berýär, ol bolsa, öz nobatynda, gyzdyrmagyň, howany çalyşmagyň hem-de çyglylandyrmagyň zerur ölçeglerini kesgitleýär. Haçan-da, hereketi görkezijiler öýde garaşylmaýan işjeňligi ýüze çykaranlarynda, kompýuter ony ynjalyksyzlyk duýduryşyna girişmegiň yşaraty ýa-da gorag gullugyna habarlary ibermäge duýduryş hökmünde kabul edýär.

Tehniki howpsuzlyk, suw basmagyndan hem-de suwuň we gazyň çykmagyndan, tüsselemekden goragy üpjün etmek, elektrik simleriniň näsazlyklary barada duýdurmak — bularyň ählisi «akylly öýüň» möhüm wezipeleridir. Ulgamyň özi awariýa ýagdaýynyň ýüze çykmagyny aradan aýryp hem-de öýüň eýesine bu barada öz wagtynda habar berip bilýär. Islendik näsazlyk ýüze çykanda, serwere duýduryş berilýär hem-de gazyň ýa-da suwuň berilmegi togtadylýar, şonuň bilen bir wagtda, ykjam telefona bu barada habar gelip gowuşýar.

Geljekde täze öýlerde, şeýle hem tebigy hadysa bolan ýagdaýynda bu barada habary kabul etmek üçin ýörite enjam oturdylar. Amplituda belli bir derejeden ýokary geçenden soňra, ýörite enjam seýsmiki stansiýadan öýe hadysanyň boljakdygy barada duýduryş berer hem-de ähli elektrik enjamlar awtomatik ýagdaýda öçüriler.

«Akylly öý» ulgamy şeýle hem elektrik energiýasynyň gazyň, suwuň sarp ediliş möçberi barada maglumatlary almaga, uzak aralykdan öýdäki howanyň derejesini kadalaşdyrmaga we beýleki amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Türkmen oýlap tapyjylarynyň belleýşi ýaly, ýaşaýyş-durmuş ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy öýde aňrybaş derejede energiýa tygşytlaýjy ýagdaýy ýola goýmaga, wentilýatorlary we deflektorlary awtomatik ýagdaýda we uzak aralykdan dolandyrmaga, gaz we elektrik enjamlaryny, her bir konforkany, suw gyzdyryjyny we beýleki gurallary kadaly dolandyrmaga, topragyň çyglylyk derejesinden ugur alyp, hatda öý ösümliklerini awtomatik ýagdaýda suwarmaga mümkinçilik berýär.

Munuň üçin öý «akylly rozetkalar», «akylly aýnalar» ýaly gurallar bilen enjamlaşdyrylandyr. Olar şeýle hem howa, wagt, otaglaryň gyzgynlyk derejesi baradaky täzelikleri, maglumatlary görkezip bilerler hem-de bellikler üçin ýörite zolaklary bardyr.

Esasy zat bolsa, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň taslamasynda daşary ýurtlaryň däl-de, olaryň öz işläp taýýarlan çözgütleri peýdalanylýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňde goýlan wezipelere toplumlaýyn çemeleşmek bilen, sanlylaşdyrmak işleriniň gerimini giňeldýär, şeýle işläp taýýarlamalar gündelik durmuşymyzyň ähli ulgamlaryna tapgyrlaýyn ornaşyp, ýaşaýşymyzy has amatly we ýakymly ýagdaýa getirýär.

 
 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter