
Şeýle hem okaň
17.01.2021 | Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki sport abraýy barha artýar
04.11.2020 | Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryny goldady
18.10.2020 | Awtomobil sporty boýunça Türkmenistanyň çempionatlary geçirildi
29.09.2020 | «Altyn asyr» topary — futbol boýunça Türkmenistanyň naýbaşy kubogynyň alty gezek eýesi
12.02.2020 | Raýdaşlyk çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň üstünligi

Kikboksing boýunça bäsleşikleri 17 ýurtdan – Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Malaýziýadan, Iordaniýadan, Siriýadan, Nepaldan, Yrakdan we beýlekilerden 300-e golaý türgen gatnaşýar. Ýaryşlar alty ugur point-paýting, semi-kontakt, kik-laýt, lou-kik, full-kontakt we ýekelikde ýerine ýetirilýän maşklar boýunça geçiriler.
Şu gün çärýek final bäsleşiklerini türkmenistanlylar ýeňlişsiz tamamladylar. 81 kilograma çenli agram derejede geçirilen tutluşyk tomaşaçylaryň aýratyn ýadynda galdy, şunda biziň ildeşimiz Azamat Jumagulyýew bäsleşigiň 20-nji sekundynda gyrgyzystanly bäsdeşini bada-bat ýeňmegi başardy.
Kikboksing sportuň iň ýaş görnüşleriniň biri bolup, ol geçen asyryň 60-njy ýyllarynda ABŞ-da ýaýrap başlady. Onuň watany ABŞ-dyr. Ilkibaşda ol “full-kontakt karate” diýlip atlandyrylýardy, soňra Adaty karate halkara federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň muňa garşy bolmagy bilen söweşjeň sungat kikboksing diýlip ady üýtgedildi. “Full-kontakt” ady bäsleşikleriň ugurlarynyň birini aňladýar hem-de şunda diňe bäsdeşiň bedeniniň ýokarky bölegine urgy etmäge rugsat berilýär.
Şu ýyl Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide we Latwiýanyň paýtagty Rigada iri halkara ýaryşlary geçirildi, olarda biziň türgenlerimiz 39 medala – 22 altyn, 9 kümüş we 8 bürünç medallara mynasyp boldular.
Şu gezekki Aziýa çempionatynda hem türgenlerimiziň iň oňat başarnyklaryny görkezjekdiklerine ynanýarys.
Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün