Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.11.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew yslam medeniýetine we sungatyna bagyşlanyp geçiriljek foto serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin 14 — 16-njy noýabr aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


11.11.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, Owganystana ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Energetika ministrligine güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWA bolan 1 sany transformatory degişli enjamlary bilen bilelikde ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.


11.11.2019 | Maliýe ulgamyny kämilleşdirmek we sanlaşdyrmak — Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň alamatlary

Ýurdumyzyň ykdysady durmuşyndaky esasy wakalary şöhlelendirýän hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleri bilen okyjylary tanyşdyrýan «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.


10.11.2019 | Türkmenistanda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň rysgal-berekedini, oba hojalyk işgärleriniň zähmetsöýerligini, ekerançylarymyzyň tagallasy bilen ýetişdirilen bol hasyly alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi.


10.11.2019 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna

Sizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynda giňden bellenýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


09.11.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bag ekmek möwsümine girişmek dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy watandaşlarymyzyň joşgunly zähmetiniň hakyky baýramçylygyna, milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde türkmen halkynyň ruhubelentliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.


09.11.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalarda baglaşylan geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.


09.11.2019 | Türkmen paýtagtynda administratiw hukuk boýunça halkara maslahaty geçirildi

7-nji Adalat ministrliginde Türkmenistan Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýa ýurtlarynda hukuk döwlet gurluşyna ýardam etmek» Sebit maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda guran «Adminstratiw önümçilige we adminstratiw iş ýöredişe gatnaşyjylar» atly administratiw hukugy boýunça X Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.


08.11.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de türkmenistanlylaryň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatyň käbir meselelerine garaldy.


08.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti pagtaçylaryň zähmet ýeňşi hakyndaky hasabatlary kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň pagtaçylarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter