Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

06.12.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda “Nesil saglygy babatda ýokary hilli hyzmatlara umumy elýeterliligi gowulandyrmak” atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna”;


06.12.2020 | Diýarymyzyň welaýatlarynda baýramçylyk mynasybetli binagärlik açylyşlary

Şu gün ählihalk baýramçylygynyň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňýanynda Amyderýa jülgesinde ýene-de bir döwrebap toplumy bolan ýokary hilli keramiki bezeg önümlerini öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy. Ony Halaç etrabyndaky ýerli hususy kärhananyň gurluşykçylary gurdular.


06.12.2020 | “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitap rus we gruzin dillerinde çapdan çykdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda çapdan çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem, dünýäniň dürli dillerine terjime edilip daşary döwletlerde-de hem giň meşhurlyga eýe boldy.


05.12.2020 | Milli Liderimiziň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Şu gün Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


04.12.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy.


04.12.2020 | Owganystanda gurlan täze metjit—Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi

Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna bina edilen 500 orunlyk metjidiň açylmagy türkmen-owgan dostlugynyň ýylýazgysyna täze sahypany ýazdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat topar metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


04.12.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Babaýewiç Kömekow BMG-nyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.


04.12.2020 | Ýurdumyzyň sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň edara ediş merkeziniň ýaşaýjylary ajaýyp sowgat aldylar. Şu gün bu ýerde birbada dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 6-synyň açylyş dabarasy boldy.


04.12.2020 | Türkmen paýtagtyndan Dunaýyň kenarlaryna çenli wideoköpri

Şu gün Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda türkmen paýtagtyny Awstriýanyň paýtagty Wena şäheri bilen birleşdirýän wideoköpri geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynda ynsanperwer ugruň ähmiýetini açyp görkezmäge ýardam berer.


03.12.2020 | «Bitarap Türkmenistan - ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara onlaýn ylmy maslahatyna gatnaşyjylara

Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Bitarap Türkmenistan - ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara onlaýn ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Mähriban halkymyzyň milli mirasyny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara ylmy maslahatynyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin!



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter