Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

24.11.2020 | Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahata gatnaşyjylara

Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel-2020» atly XIII halkara onlaýn maslahatyna gatnaşyjylara


24.11.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň daşary işler ministri Şri Hişamuddin Tun Husseýn bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.


24.11.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däp-dessurlaryna eýerip hem-de Türkmenistan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasyna 2020-2022-nji ýyllarda ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerini, azyk, dokma we hojalyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsyz bermek tabşyryldy.


23.11.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň sekizinji mejlisinde giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.


23.11.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýewiň ýürek keseli bilen bagly hassahana ýerleşendigi sebäpli, onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Orazgeldiýewiç Öwezowyň üstüne ýüklenildi.


22.11.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde onlaýn maslahat görnüşinde Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky Suw hojalyk meseleleri boýunça utgaşdyryjy toparyň dördünji mejlisi geçirildi.


22.11.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.


20.11.2020 | Türkmen KHBS-niň wekilleri ÝHHG-nyň howandarlygynda geçirilýän webinara gatnaşdylar

19-njy noýabrda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi daşary ýurtly bilermenleriň türkmen KHBS-niň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ençemesiniň wekilleri üçin täze onlýan-duşuşyk gurady.


20.11.2020 | Hazar sebitinde ulag we logistika ulgamynda onlaýn-maslahat geçirildi

«Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň Hazar sebitinde ulag-logistika ulgamynda durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» şygary bilen 2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullugynyň (Astrahan ş.) we Astrahan oblastynyň Halkara gatnaşyklary agentliginiň ýardam bermeginde Halkara tegelek stoly geçirildi. Çärä döwlet edaralarynyň, telekeçilik düzümleriniň, bilermenleriň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň, şeýle hem Türkmenistanyň we Astrahan oblastynyň KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.


20.11.2020 | Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi hem-de ýaşaýyş jaý toplumyny açdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Çoganly şäherçesinde bina edilen täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu ýerde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze şäher zolagyny döretmek işleri dowam edýär.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter