Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

18.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar Döwletiniň Emiriniň arasynda telefon söhbetdeşligi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


18.11.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün daşary syýasat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Şwesiýa Patyşalygynyň daşary işler ministri hanym Ann Linde bilen duşuşyk geçirildi. Işjeň görnüşde geçen gepleşikleriň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumynyi ara alyp maslahatlaşdylar hem-de sebit we halkara gün tertibi boýunça pikir alyşdylar.


18.11.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.


17.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Maýa Sanduwa Moldowa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.


17.11.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektoryna «Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen «Wolganyň döwlet suw ulaglary uniwersiteti» ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň şahamçasy — General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglarynyň Hazar institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama» türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.


17.11.2020 | Watanymyzyň sebitlerinde baýramçylyk mynasybetli binagärlik açylyşlary

Ýetip gelýän uly baýramçylygyň — Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda towuk etini öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy.


17.11.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün göni wideoaragatnaşyk arkaly «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» atly nobatdaky ministrler duşuşygy geçirildi.


16.11.2020 | Aşgabatda Ýaşlar guramasynyň işjeňlerini sarpalamak dabarasy geçirildi

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününe gabatlanyp, işjeňleri sarpalamak dabarasy geçirildi.


16.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministrini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Salman Bin Hamad Al Halifany Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine bellenmegi mynasybetli gutlady.


14.11.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 253-si hasaba alyndy.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter