Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

31.10.2020 | Türkmen manady — milli ykdysadyýetimizi berkitmegiň wajyp guraly

Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


31.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti jenap Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Izmir welaýatynda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.


30.10.2020 | Türkmenistan Ýewraziýa yklymynda hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny maksat edinýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda Seulda geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.


30.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşyjylara wideoýüzlenmesi

Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşyjylaryň ählisini işiň başlamagy bilen mähirli gutlamaga hem-de olara gutlag sözi bilen ýüzlenmäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!


30.10.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow logistika merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


30.10.2020 | «Jahan» döredijilik merkeziniň açylyş abarasyna gatnaşyjylara

Sizi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde bina edilen «Jahan» döredijilik merkeziniň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde täze üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin!


30.10.2020 | «Jahan» döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy

Şu günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen «Jahan» döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. Medeniýet ulgamynyň täze desgasy Astana köçesiniň ugrunda ýerleşýär.


30.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün Hazar deňzi institutynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halkara ummanlar instituty bilen (IOI) hyzmatdaşlygynyň geljegine bagyşlanan «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk geçirildi.


30.10.2020 | Türkmenistanda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy

Ýurdumyzyň zähmetsöýer ekerançylary güýzlük bugdaýyň ekişiniň tamamlanandygy barada hasabat berdiler. Şu möwsümde 690 müň gektar meýdana bugdaý ekildi.


30.10.2020 | Türkmenistan dünýäniň iň howpsuz ýurdy hökmünde ykrar edildi

«Gallup» halkara barlaglar merkezi kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýip ykrar etdi. Bu merkeziň geçirýän soraglarynyň netijeleri jemgyýetçilik pikiriniň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň has ygtybarly çeşmeleriniň biri hasaplanylýar. Bu hoş habar şu gün bütin dünýä dolup, eziz Watanymyzyň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýyny has-da belende galdyrdy.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter