Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

23.10.2020 | 2021-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek göz öňünde tutulýar

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde habar berlişine görä, Türkmenistanda 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Türmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda guramaçylyk komitetiň düzümi döredildi we tassyklanyldy, bu komitetiň mejlisinde dünýä çempionatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.


22.10.2020 | Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

Wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarlly ilçisi Takahiko Kasumata bilen duşuşyk geçirdi.


22.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti azyk bolçulygyny artdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, pudagy sanly ulgama geçirmäge, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga degişli meselelere garaldy.


22.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti şanly seneler mynasybetli açyljak desgalar boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


22.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

Şu gün Germaniýanyň “Commerzbank” bankynyň Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky şahamçasynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


21.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady topluma gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


21.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahatlar görnüşindäki nobatdaky duşuşyklar

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň üçünji mejlisi onlaýn görnüşde geçirildi. Oňa BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň ýolbaşçylygyndaky topar gatnaşdy.


21.10.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Abdulla Muhammetgeldiýewiç Geldiýew Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.


20.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bilen iş maslahatyny geçirdi.


20.10.2020 | GDA gatnaşyjy döwletleriň teatr režisýorlarynyň halkara onlaýn-duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, onlaýn görnüşde GDA gatnaşyjy döwletleriň teatr režissýorlarynyň halkara döredijilik duşuşygy geçirildi.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter