Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.01.2021 | Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.


12.01.2021 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrlgiiniň, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.


12.01.2021 | “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany

Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar 2020-nji ýylyň şanly wakasyna—Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.


12.01.2021 | Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyna täze ilçisiniň bellenildi

Hytaý halk respublikasynyň Prezidenti Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat ýollady, bu hatda Hytaý Halk Respublikasynyň adatdan daşary doly ygtyýarly täze ilçisi Sýan Naýçen bellenendigini beýan etdi. Hytaý halk respublikasynyň Prezidenti ilçi Sýan Naýçen doly ynamyny bildirýändigini we onuň öňünde goýlan wezipeleri başarjakdygyny habar berdi.


11.01.2021 | «Syýasat we jemgyýet» žurnaly

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy.


11.01.2021 | 2021-nji ýylyň şygary dabaralandyrylýar

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarynyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi.


10.01.2021 | Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo “Sriwijaya Air” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.


09.01.2021 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 27-si baglaşyldy.


08.01.2021 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy.


08.01.2021 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlary sanly ulgama geçmek boýunça geçirilýän işlere giňden çekmek, zähmete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, döwletiň, jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin şertleri döretmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter