Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

03.05.2018 | Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň ulag we ara­gat­na­şyk mi­nistr­le­ri­niň du­şu­şy­gy

Şu gün «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň ulag we ara­gat­na­şyk mi­nistr­le­ri­niň IX mej­li­si bol­dy.


03.05.2018 | Res­mi ha­bar­lar

“Türk­me­nis­ta­nyň pro­ku­ra­tu­ra­sy ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň 16-njy mad­da­sy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Gurbanguly Berdimuhamedow Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, ýus­ti­si­ýa­nyň ki­çi ge­ňeş­çi­si Oraz­gel­di Gur­ban­gel­di­ýe­wiç Gol­ba­ýew Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Büz­me­ýin et­ra­by­nyň pro­ku­ro­ry we­zi­pe­si­ne bel­le­nil­di.


03.05.2018 | Yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­myn­da Türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy

Şu gün paý­tag­ty­my­zyň “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da ýur­du­my­zyň Yk­dy­sa­dy­ýet we ma­li­ýe mi­nistr­li­gi bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň Yk­dy­sa­dy­ýet we ener­ge­ti­ka fe­de­ral mi­nistr­li­gi hem-de Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça ger­man jem­gy­ýe­ti­niň se­bit­le­ýin mak­sat­na­ma­sy bi­len bi­le­lik­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň do­lan­dy­ryş iş­gär­le­ri­ni taý­ýar­la­mak mak­sat­na­ma­sy­nyň 10 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan fo­rum ge­çi­ril­di. Onuň çäk­le­rin­de mas­la­hat­lar we ge­ňeş­me­ler bol­dy.


03.05.2018 | “Altyn Asyr” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäsleşigi dowam etmäge mümkinçiligi saklaýar

“Altyn Asyr” we “Ahal” toparlary Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda bäsdeşleri bilen öz ýerlerinde duşuşdylar.


02.05.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazaryň türkmen kenarynda täze Halkara deňiz porty dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.


02.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti ählumumy ulag meseleleri boýunça halkara foruma gatnaşdy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky kongresler merkezinde “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara forum geçirildi. Onuň açylyşyna hem-de dabaraly mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


02.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatdaky çykyşy

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary! Hanymlar we jenaplar! Biziň gadyrly myhmanlarymyza: «Türkmen topragyna hoş geldiňiz!” diýip, “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatyň işine gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendikleri, şeýle hem biziň bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyş toýunyň şatlygyny paýlaşýandyklary üçin, olara çuňňur minnetdarlyk bildirýärin.


02.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.


02.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ýollar we şäher ösüşi ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şäher ösüşi ministri Iran Abbas Ahmad Ahundini kabul etdi.


02.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter