Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

01.10.2020 | Türkmen alabaýy — milli mirasymyz we buýsanjymyz

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalyň birinji sany çapdan çykdy.


01.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky duşuşyk

Iki dostlukly ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan «Türkmenistan — Belarus: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary» atly onlaýn duşuşykda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary, eksport harytlary we hyzmatlary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.


01.10.2020 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de halkyna

Sizi adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan Ýaşulularyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda hem bu ajaýyp halkara baýramyna bagyşlanan dabaralaryň pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen agzybirligimizi has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan ýaşulularymyzyň hem-de tutuş halkymyzyň bagtyýarlygyň, parahatçylygyň we abadançylygyň ýurdy hökmünde şöhraty dünýä dolan Garaşsyz Watanymyza buýsanjyny has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!


30.09.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahat görnüşindäki nobatdaky duşuşyk

Şu gün DIM-nde wideomaslahat görnüşinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça baş direktory (ÝUNESKO) hanym Odri Azulaý bilen duşuşyk geçirildi.


30.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady.


30.09.2020 | Türkmenistan–Owganystan: Hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça resminamalaryň täze tapgyryna gol çekildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti ähmiýetli resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu resminamalar Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki düzümleýin taslamalary, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, demir ýollaryň gurluşygyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.


30.09.2020 | Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Fransiýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.


29.09.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahat görnüşindäki nobatdaky duşuşyklar

Şu gün göni wideoaragatnaşyk arkaly «COVID-19 pandemiýasy döwründe SPEKA sebitinde we onuň çäginden daşarda ulaglaryň baglanyşyklylygynyň pugtalandyrylmagy» atly sebitleýin dialog geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy, onuň sebitleýin komissiýalary we ýöriteleşdirilen degişli edaralary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guraldy.


29.09.2020 | «Altyn asyr» topary — futbol boýunça Türkmenistanyň naýbaşy kubogynyň alty gezek eýesi

Şu gün paýtagtymyzyň köpugurly «Aşgabat» stadionynda futbol boýunça Türkmenistanyň 2020-nji ýylda Naýbaşy kubogyny almak ugrunda Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň we “Ahal” toparynyň arasynda bäsleşik geçirildi.


29.09.2020 | Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary

Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter