Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

27.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ýanyndaky hünärmen-bilermeni, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.


27.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak çäresine gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň baýram edilýän gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň täze taryhynda ägirt uly özgertmeleriň nyşany bolan ajaýyp binalar toplumyna — Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.


27.09.2020 | Tbilisiniň telewizion diňi Türkmenistanyň Döwlet tugunyň reňkiniň öwüşginini saçdy

26-njy sentýabr agşam Tbilisiniň telewizion diňi Türkmenistanyň Döwlet tugunyň reňkiniň öwüşgini saçdy.


27.09.2020 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr.


27.09.2020 | Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!


26.09.2020 | Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ösüşine goşant üçin Watan sylaglary

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine hem-de halkara abraýynyň belende galmagyna goşan ägirt uly şahsy goşantlary üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň tapawutlanan işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, düzümleýin guramalaryň işgärlerine, döredijilik wekillerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de hormatly atlary dakmak dabaralary boldy.


25.09.2020 | Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Kararlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan nobatdaky konstitusion özgertmeler berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm tapgyry alamatlandyrýar. Konstitusion özgertmeleriň düýp manysy we mazmuny «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň metbugatda dolulygyna çap edilen deslapky taslamasy halkymyz tarapyndan işjeň ara alnyp maslahatlaşylandan soň taýýarlanylan gutarnykly taslamasynda beýan edildi.


25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

Biziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar.


25.09.2020 | Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

Şu gün Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.


25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy

Nesip bolsa, biz ýene-de sanlyja günden milli senenamamyzda aýratyn möhüm orny eýeleýän baş baýramymyzy — Garaşsyzlyk gününi giňden we dabaraly belläp geçeris. Biz Garaşsyzlyk gününe toý-baýramlarymyzyň seresi hökmünde aýratyn sarpa goýýarys. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylda hem bu taryhy senäni şanly wakalar, ajaýyp üstünlikler bilen dabaraly garşy alýarys.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter