Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

22.09.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Ulaglaryň we aragatnaşygyň howanyň üýtgemegine täsiriniň peselmegi iki gün dowam eden onlaýn duşuşygyň esasy meselesi boldy. Duşuşyk BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy tarapyndan guraldy. Oňa türkmen tarapyndan «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň esasy hünärmenleri gatnaşdylar.


21.09.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde wideomaslahat görnüşinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi.


21.09.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, içeri işler ministri Çakyýew Mämmethan Berdimyradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.


21.09.2020 | Söwda pudagynda täzeçil usullar

Ägirt uly serişde kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde okgunly ykdysady ösüş ýoluna düşdi. Bu gün eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetini ösdürýär, täze pudaklary döredýär we ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrýar. Işlenip taýýarlanylan we durmuşa geçirýän döwlet maksatnamalary, sanlylaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň ösüşini üpjün edýär.


20.09.2020 | Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryna bagyşlanan forum geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan iki günlük sergisi we “Sanly ykdysadyýet-ykdysady ösüşiň möhüm ugry” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.


19.09.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 112-si hasaba alyndy.


19.09.2020 | Türkmenistan we Russiýanyň Astrahan oblasty söwda-ykdysady hem-de ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen duşuşygy boldy.


19.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ykdysady üstünlikleriniň sergisine we sanly ykdysadyýet boýunça maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisiniň we «Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Türkmen döwletiniň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu serginiň we maslahatyň uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin!


18.09.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.


18.09.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Şu gün Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşde Türkmenistan bilen Ukrainanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, ençeme ugurlar boýunça özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň geljekki ädimleri ara alnyp maslahatlaşyldy.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter