Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

31.08.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.


31.08.2020 | Edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi

Şu gün paýtagtymyzda edara binasy Aşgabatda ýerleşen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi.


31.08.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkiminiň orunbasary Şöhratjan Babakulyýewiç Ismailow Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.


31.08.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.K.Seýidow hakynda

Astanogly Kullyýewiç Seýidowy Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.


30.08.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny ýollady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň güni hem-de Tatar ASSR-nyň döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


29.08.2020 | Meşhur aýdym-sazly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Şu gün paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.


29.08.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden ýaş aýdymçylar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler.


29.08.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.


29.08.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň telebäsleşigine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň täze belentliklerine göterilen aýdym-saz sungatymyzda size döredijilik üstünliklerini, kalbyňyzdan joşup çykýan ylhamyňyzyň hemişe joşgunly bolmagyny arzuw edýärin!


28.08.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter