Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

22.08.2020 | Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly Mejlisiň altynjy çagrylyşynyň onunjy maslahaty geçirildi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryş-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.


22.08.2020 | Döwlet Baştutanynyň adyna ABŞ-nyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Amerikan halkynyň adyndan ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň iki ýüz kyrk dört ýyllygy mynasybetli iberen gutlag sözleriňiz üçin Size hoşallyk bildirmäge rugsat ediň. 4-nji iýul Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin amerikan halkynyň taryhyna hem-de biziň buýsanýan demokratik we azatlyk ugrundaky däplerimize biziň gatnaşyklarymyzyň nukdaýnazaryndan aýratyn möhüm senedir.


21.08.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.


21.08.2020 | Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde ileri tutýan garaýyşlary

Baş Assambleýanyň 75-nji ýubileý mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň tutuş ulgamynyň işinde iň möhüm wakalaryň biridir. Ol häzirki zaman dünýäsinde BMG-niň ornuna dogruçyl baha bermäge gönükdirilip, onuň bar bolan ählumumy özara gatnaşyk ulgamynyň sütüni bolup durýan, halkara giňişlikde parahatçylygy gorap saklamagyň we bähbitleriň deňagramlylygyny, emele gelen howpsuzlyk gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmegiň kepili bolan iň abraýly, kanuny hem-de köpugurly halkara forum hökmünde çykyş edýär.


21.08.2020 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýeralma, gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, olary talabalaýyk saklamak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy elýeter bahalardan üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


20.08.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyk

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary parlamentleriň ýolbaşçylarynyň iki günlük Bütindünýä bäşinji maslahatyna gatnaşdylar. Onlaýn görnüşinde geçen bu maslahat Parlamentara birleşik tarapyndan Awstriýanyň parlamentiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde guraldy.


20.08.2020 | Maliýe-ykdysady ulgamyň sanlylaşdyrylmagy

Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna we pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň baş ugry hem-de ösen ýurtlaryň derejesine çykmagyň, bilimlere we innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.


19.08.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi.


19.08.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa şu gün açylan bäşinji Bütindünýä maslahatyna gatnaşýar.


19.08.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň mejlisinde eden çykyşy

Siziň bilşiňiz ýaly, geçen, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuşynda aýratyn möhüm waka, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi bolup geçdi. Şol mejlisde biz ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berdik. Garaşsyz Watanymyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek baradaky başlangyjy öňe sürdük.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter