Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

13.08.2020 | Türkmenistan — Tatarystan Respublikasy: hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasarynyň senagat we söwda ministriniň arasynda onlaýn görnüşinde gepleşikler geçirildi.


12.08.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:


12.08.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji, 73-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:


12.08.2020 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.


12.08.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, «Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda,


12.08.2020 | Owganystana Real-time PCR lukmançylyk enjamlaryň toplumlaryndan ybarat bolan ynsanperwer kömegi iberildi

2020-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna lukmançylyk enjamlaryň toplumlaryndan ybarat bolan ynsanperwer kömegini iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara 4-nji awgustda gol çekdi.


12.08.2020 | Türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek – onlaýn-duşuşygyň gün tertibinde

12-nji awgustda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi bankynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ajmal Ahmadi bilen wideomaslahat aragatnaşygy görnüşinde gepleşikler geçirdi.


11.08.2020 | Daşky gurşawy goramak häzirki we geljekki nesiller barada aladadyr

Daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Milli Liderimiz hökümetiň iýul aýynda bolan giňişleýin mejlisinde çykyş edip, ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydygyna aýratyn ünsi çekdi.


11.08.2020 | Ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahat

Şu gün wideomaslahat görnüşinde geçirilen «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň daşary işler ministrleriniň maslahatynyň gün tertibine sebit hyzmatdaşlygynyň hem-de koronawirus pandemiýasy zerarly, dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen ylalaşykly gatnaşyklaryň wajyp meseleleri girizildi.


11.08.2020 | Iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary türkmen-katar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar

10-njy awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow bilen Katar Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter