Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

30.12.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.


30.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda


30.12.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Durdylyýew Şamuhammede berk käýinç yglan edildi.


30.12.2020 | TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi.


30.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


29.12.2020 | Döwlet Baştutanymyz diplomatik düzümiň duaýýeni bilen wideoduşuşyk geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen duşuşyk geçirdi. Onlaýn duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem gatnaşdy.


29.12.2020 | Türkmenistan Täze ýyly garşylaýar – ýurdumyzyň Baş arçasy ýaş myhmanlary garşylaýar

Şu gün Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, maliýe-bank ulgamynyň, obasenagat toplumynyň, şeýle hem milli parlamentiň komitetleriniň ýolbaşçylary çagalary hem-de agtyklary bilen bilelikde “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasyna bardylar.


29.12.2020 | Binagärlik we gurluşyk sanly ykdysadyýete geçiş döwründe

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşirde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümetiň mejlislerinde we iş maslahatlarynda bu pudaklaryň öňünde goýan wezipelerini çözmek babatda milli ykdysadyýetimiziň şu ulgamynyň gazanýan üstünlikleri barada gürrüň berilýär.


28.12.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen ýurdumyzyň Baş arçasyna bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyna geldi. Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk myhmanlary mähirli garşyladylar.


28.12.2020 | Döwletliler köşgüniň çagalaryna milli Liderimiziň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

Şu gün Döwletliler köşgünde Täze ýyly garşylamaga bagyşlanan dabara boldy. Onuň dowamynda çagalara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgatlary gowşuryldy.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter