Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

28.07.2020 | Obasenagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagy durnukly ösüşiň möhüm şertidir

BMG-ä agza döwletleriň hemmesi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. 2030-njy ýyla çenli gün tertibiniň ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlary milli hem-de pudaklaýyn maksatnamalarda, şol sanda obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça maksatnamada öz beýanyny tapdy.


28.07.2020 | Logistika ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyk etmek boýunça wideomaslahatlar geçirildi

Owganystanyň, Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň arasynda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça üçtaraplaýyn iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen foruma bu ýurtlaryň ýokary wezipeli ýolbaşçylary gatnaşdylar.


28.07.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Gurban baýramyny bellemek hakynda

Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenlstanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:


27.07.2020 | Türkmenistanyň bank ulgamy kämilleşdirilýär

Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik işlerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň häzirki wagtda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary üçin esasy wezipedigini belledi.


27.07.2020 | Bildiriş

Türkmen ilinde Gurban baýramy mukaddes baýram hasaplanylýar. Ruhy tämizligiň, arassa ahlagyň hem-de agzybirligiň ajaýyp pursatlaryny özünde jemleýän bu baýram uly ruhubelentlik bilen bellenilýär.


27.07.2020 | Türkmenistanyň Daşary işler ministrligniň metbugat habary

2020-nji ýylyň 27-nji iýulynda “Mir” Döwletara teleradiokompaniýasynyň ýaýlymy boýunça onuň Täjigistan Respublikasyndaky habarçysy Azamat Ziýaýewiň habary ýaýlyma göýberildi, onda, hususan-da ýakyn günlerde Täjigistanda garaşylýan yssy howa Eýrandan gelip, Türkmenistanyň üsti bilen geçen yssy howa akymynyň sebäp bolýandygy habar berilýär.


25.07.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.


25.07.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


25.07.2020 | Türkmen Lideri we BAE-niň Wise-prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


25.07.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasynyň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter