Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

20.07.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Sagdyn durmuş ýörelgesi — türkmen jemgyýetiniň nusgawy däbi

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe we sport barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adam we onuň abadan durmuşy hakyndaky hemmetaraplaýyn aladasy esasy ugry bolup durýan durmuş ugurly döwlet syýasaty netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha giň gerime eýe bolýar.


19.07.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.


18.07.2020 | Pudagara toparynyň mejlisi

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


17.07.2020 | Diwersifikasiýalaşdyrmak we sanly ulgama geçmek Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny artdyrmagyň strategiýasydyr

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr.


17.07.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine:


16.07.2020 | Telekeçilige döwlet goldawy bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň şertidir

Ýylyň alty aýynda pudaklaryň işiniň jemlerine bagyşlanan hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleriň toplumyny belläp geçdi.


16.07.2020 | Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Türkmenistanyň öňüni alyş çärelerini goldaýar

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan ynsanperwerlik ýüki gelip gowuşdy. Bu hoşniýetli çäre BSGG-niň Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de maý aýynda tassyklan ýurdumyzyň ýiti ýokanç keseline garşy göreşmäge hem-de dessin täsir etmek boýunça çäreleri kabul etmäge taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasyny goldamagyň çäklerinde ösdürmäge bolan islegi bilen şertlendirilendir.


16.07.2020 | Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa –Hytaý gepleşiklerine gatnaşdy

16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda ministrler derejesindäki birinji duşuşyga sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.


15.07.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda balyk tutmak bilen meşgullandy

Şu gün dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölleriň birinde balyk tutmak bilen meşgul boldy.


15.07.2020 | BSGG: Türkmenistan ýokanjyň ýurduň çäklerine aralaşmagynyň öňüni almak üçin ähli çäreleri gördi we bu tagallalar üstünlikli boldy

Şu gün Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň hökümetiniň çakylygy boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň jemleri boýunça maslahat geçirildi.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter