Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

27.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Watanymyzyň tebigatynyň gözelligi − tükeniksiz baýlyk

Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gezelenç etdi. Owunjaklap ýagan gar bu töwerekleri ak lybasa besledi.


25.12.2020 | Resmi habarlar

"Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna" laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem tehnologik desgalary abat saklamak, önümçilik işleriniň bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna zawodlar toplumynyň 1-nji we 2-nji baş peseldiji elektrik beketleriniň durkuny täzelemek barada Konsorsiumyň düzümine girýän Hytaý Halk Respublikasynyň (Gonkong) “INVEST Enterprises Limited” kompaniýasy we “Azap” hususy kärhanasy bilen şertnamany, işleri 18 aýyň dowamynda tamamlamak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.


25.12.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.


24.12.2020 | Türkmenistanyň we Ermenistanyň kitaphanaçylarynyň onlaýn maslahaty

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Ermenistanyň Milli kitaphanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga badalga berildi.


24.12.2020 | Sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin Pudagara toparyň mejlisi

Şu gün Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin pudagara iş toparynyň onlaýn maslahaty geçirildi. Bu maslahat iş toparyň ilkinji mejlisidir.


24.12.2020 | Maliýe ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen iş duşuşygynda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri hem-de mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


23.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny hem-de habar beriş serişdelerini ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi

Şu gun hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk görnüşde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.


23.12.2020 | Milli Liderimiziň amala aşyrýan “açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk


23.12.2020 | “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitap fransuz dilinde neşir edildi

Şu gün paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň fransuz dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.


22.12.2020 | Türkmenistanyň diplomatiýasy parahatçylygyň we ählumumy bähbitleriň gullugynda

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly žurnalyň 4-nji sany çapdan çykdy, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we döwletimiziň milli bähbitlerine ýetmek ugrunda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm wakalaryna çärýeklik syn berilýär.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter