Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

30.04.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň başlyklarynyň arasynda onlaýn duşuşygy geçirildi. Onda döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


29.04.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde türkmen-german iş duşuşygy geçirilip, döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


29.04.2020 | Sanly wideoaragatnaşyk arkaly Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi

Şu gün Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi.


29.04.2020 | Awtoulag ulgamynyň tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylyşy güýçlenýär

Ýurdumyza Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kama awtomobil zawodynda öndürilýän «KamAZ 6520» ýük awtoulaglarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Şol tehnikalar «Türkmenawtoulaglary» agentligine degişli kärhanalara paýlanyp berler we paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda gurluşygy amala aşyrylýan iri desgalarda ulanylar.


29.04.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.


29.04.2020 | Braziliýanyň Prezidenti türkmen Liderine mähirli gutlagyny iberdi

Jenap Prezident, Size Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.


28.04.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi

Şu gün BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt maksatnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk geçirildi.


28.04.2020 | Müsüriň we Ysraýylyň Prezidentleri türkmen Liderine Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdiler

Tutuş dünýäniň musulmanlary üçin mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de dostlukly türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymy beýan etmegi özüme uly mertebe hasaplaýaryn.


27.04.2020 | Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti türkmen Liderini ahal-teke bedewleriniň hatyrasyna Baýram bilen gutlady

Türkmenistanda Türkmen bedewiniň ajaýyp baýramçylygynyň geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.


27.04.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar we wideokonferensiýalar geçirildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzda işleýän agentlikleriniň hem-de ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter