Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

22.04.2020 | Türkmenistan — BMG: söwda we ösüş ulgamynda bilelikdäki taslama

Şu gün Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNÑTAD) arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


22.04.2020 | Dünýä halklarynyň ýakynlaşmagynyň bähbidine medeni gatnaşyklar

Şu gün ÝUNESKO-nyň howandarlygynda dünýäniň iki ýüzden gowrak ýurdunyň medeniýet ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda onlaýn wideomaslahaty geçirildi, onuň dowamynda ählumumy pandemiýa şertlerinde medeniýet edaralaryna goldaw bermek boýunça geçirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.


22.04.2020 | Haýwanat dünýäsini goramakda hyzmatdaşlyk

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň baş direktory hanym Monik Elua bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.


22.04.2020 | DIM-de geçirilen brifing

Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek we saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän işler barada pikir alşyldy.


22.04.2020 | Türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri

Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi.


21.04.2020 | Türkmenistanyň — Bitaraplygyň mekanynyň daşary syýasaty

Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň şu ýyl çapdan çykan ilkinji sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 14-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata aýratyn orun berdi.


21.04.2020 | “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany

Çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanan neşir okyjylara döwlet durmuşynyň hem-de ählumumy gün tertibi boýunça halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini beýan edýän makalalary hödürleýär.


21.04.2020 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli 2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde halypa çapyksuwarlaryň arasynda Lebap atçylyk sport toplumynda geçiriljek at çapyşygynyň ýeňijisini hem-de 2020-nji ýylyň 25-nji aprelinde geçiriljek «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisini degişli baýraklar bilen sylaglamak bellenildi.


21.04.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany H.Geldimyradow hakynda

Hojamyrat Geldimyradowy Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine bellemeli.


21.04.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.J.Ataýewa hakynda

Sülgün Jumageldiýewna Ataýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.



 

Copyright 2012-2021 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter