Jemgyýet
21.07.2017 | Paýtagtymyzdaky Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze Saglyk öýi açyldy
Aşgabadyň gür ilatly ýerinde ulanmaga berlen Saglyk öýi maşgala lukmanlary hem-de beýleki hünärmenler we zerur bolan işgärler bilen üpjün edildi. Ol keseli anyklaýyş enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Saglyk öýi maşgala lukmançylygy, enjamlar arkaly anyklaýyş, aýallara maslahat beriş, hirurgiýa, stomatologiýa, fiziobejeriş, bejeriş-bedenterbiýe, barlaghana we gündizki hassahana bölümlerinden ybaratdyr.
21.07.2017 | “Saglyk-2017” halkara sergisine Ýewropadan, Amerikadan, Aziýadan kompaniýalaryň 245-si gatnaşýar
Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Saglyk-2017” atly halkara sergi geçirildi, onuň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek meseleleri boýunça ylmy maslahat guraldy.
20.07.2017 | Täze lukmançylyk merkeziniň açylmagy halkymyzyň saglygy baradaky aladanyň aýdyň nyşanydyr
Mary welaýatynyň merkezinde täze ýöriteleşdirilen hassahananyň — Iç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasy boldy. Ol Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy.
19.07.2017 | “Türkmen arhiwi” žurnalynyň täze sany
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan taýýarlanan “Türkmen arhiwi” taryhy-resminama, ylmy-taglymat we usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny wagyz etmek, şeýle hem ýurdumyzyň arhiw işiniň ösüşine goldaw bermek, bu ulgamda gazanylanlary giňden beýan etmek bilen baglanyşykly maglumatlar ýerleşdirildi.
19.07.2017 | Türkmenistan - ÝHHG: köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda žurnalistleriň hukuklary we borçlary boýunça iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Ony ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkezi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde gurady.
17.07.2017 | Halkara umman instituty Hazarýaka ýurtlarynyň hünärmenleri üçin Aşgabatda okuw geçirýär
Türkmen paýtagtynda “Deňiz giňişligini meýilnamalaşdyrmak” atly 5 günlük okuw geçirilýär, ony Halkara umman instituty (International Ocean Institute - IOI) Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasy bilen bilelikde guraýar.
17.07.2017 | Türkmenistan — BMGÖM: adam hukuklary ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky Wekilhanasynda “2016—2020-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary baradaky hereketleriň milli meýilnamasynyň” durmuşa geçirilmegine bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk geçirildi. Oňa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri, Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary babatdaky halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň iş toparynyň agzalary gatnaşdylar.
15.07.2017 | Paýtagtymyzda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy
Paýtagtymyzyň Oguzhan we Ankara köçeleriniň çatrygynda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binasynyň açylyş dabarasy ýaýbaňlandyryldy. 2011-nji ýylda ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan esaslandyrylan bu bank maliýe ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilýän döwründe möhüm serişdeleriň birine öwrüldi.
15.07.2017 | Paýtagtymyzda birbada 2 müň 540 maşgala täze öýleriň açarlary gowşuryldy
Şu gün täze binalaryň açylyşy mynasybetli guralýan dabaralar paýtagtymyzyň günbatar künjeginde Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde dowam etdi. Bu ýerde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 68-si gurlup ulanmaga berildi.
15.07.2017 | Paýtagtymyzyň täze Parahat-7 etrapçasynda jemi 800 orunlyk birbada bäş sany çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy
Şu gün ýurdumyzyň baş şäherinde ykdysady we durmuş maksatly binalaryň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, täze ýollaryň açylyş dabaralary boldy. Paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň birbada 5-siniň açylyş dabarasy boldy.
- «
- 1
- 2
- 3
- 4
- 5
- 6
- 7
- 8
- 9
- 10
- 11
- 12
- 13
- 14
- 15
- 16
- 17
- 18
- 19
- 20
- 21
- 22
- 23
- 24
- 25
- 26
- 27
- 28
- 29
- 30
- 31
- 32
- 33
- 34
- 35
- 36
- 37
- 38
- 39
- 40
- 41
- 42
- 43
- 44
- 45
- 46
- 47
- 48
- 49
- 50
- 51
- 52
- 53
- 54
- 55
- 56
- 57
- 58
- 59
- 60
- 61
- 62
- 63
- 64
- 65
- 66
- 67
- 68
- 69
- 70
- 71
- 72
- 73
- 74
- 75
- 76
- 77
- 78
- 79
- 80
- 81
- 82
- 83
- 84
- 85
- 86
- 87
- 88
- 89
- 90
- 91
- 92
- 93
- 94
- 95
- 96
- 97
- 98
- 99
- 100
- 101
- 102
- »