Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ýaş estrada aýdymçylarynyň “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi jemlendi
Medeniýet
Ýaş estrada aýdymçylarynyň “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi jemlendi
Çap edildi 20.12.2020
20955

Paýtagtymyzda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaş estrada aýdymçylarynyň bäsleşigi ýerine ýetirijileriň hünär taýdan kämilleşmegini höweslendirmäge hem-de Türkmenistanyň häzirki zaman aýdym-saz medeniýetiniň ösmegine, zehinlileri ýüze çykarmaga we goldamaga ýardam etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ruhubelent ýaş nesli Watanymyzyň bagtyýar geljegi hasaplaýar we şu maksada ugrukdyrýar. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralan bu bäsleşik welaýatlaryň derejesinde saýlama tapgyrlaryny öz içine alýar. Abraýly emin agzalary bäsdeşleriň arasyndan aýdym aýtmak babatda has tapawutlanan aýdymçylary seçip aldy. Soňra bäsleşigiň nobatdaky tapgyry başlandy. Onuň netijeleri gönüden-göni tomaşaçylara bagly boldy. Ýaş aýdymçylara köpsanly tomaşaçylaryň öňünde --“Türkmen owazy” teleradioýaýlymynda çykyş etmek mümkinçiligi döredildi. Şol döwürde teletomaşaçylar hem-de radiodiňleýjiler ýaş aýdymçylaryň çykyşlary arkaly olaryň zehinine baha bermek hem-de SMS habarlarynyň we telefon jaňlarynyň kömegi bilen ol ýa-da beýleki ýerine ýetirijä öz sesini bermek mümkinçiligine eýe boldular. Bu çäräniň dowamynda oňa giň köpçüligiň çekilmegi jemleýji tapgyra aýdym-saz sungatynyň parlak ýyldyzlarynyň gatnaşmagyna ýardam etdi. Olaryň iň gowularynyň onusy jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin seçilip alyndy. Olar aýdym-saz teleýaýlymynyň uly studiýasynda baýramçylyk lybasyna beslenen sahnada özleriniň ukyp-başarnygyny hem-de zehinini görkezmäge çalyşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bäsdeşler iki aýdymy, özi-de, bir aýdymy sazsyz ýerine ýetirdiler. Munuň özi emin agzalaryna aýdymçylaryň sesine doly baha bermäge mümkinçilik döretdi. Şeýle synag ýaş aýdymçylaryň artistlik ussatlygyny, tomaşaçylaryň göwnünden turmak başarnygyny ýüze çykarmaga kömek etdi. Aýdym-sazly bäsleşik birnäçe sagada çekdi, onuň barşynda ses bermek dowam etdirildi. Ses bermek tamamlanandan soň, alypbaryjylar bäsleşigiň netijelerini yglan edýärler. Bäsleşigiň bütin dowamynda öňdeligi ynamly eýelemegi başaran ýaş zehinli aýdymçy Leýli Ökdirowa bu döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we “Ýylyň parlak ýyldyzy” adyna eýe boldy. Diňe bir tomaşaçylar däl, eýsem, emin agzalary hem sesleriniň köpüsini oňa berdiler. Ýeňijä “Ýylyň parlak ýyldyzy” göçme kubogy hem-de höweslendiriji pul baýragy gowşuryldy. Türkmen aýdym-saz sungatynyň sahna ussatlary ýaş artiste döredijilik ösüşini, täze gözlegleri we üstünlikleri arzuw etdiler. Çykyş edenler bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns bermegi netijesinde, döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek üçin ýaş türkmenistanlylarda ähli şertleriň we mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellediler.

Soňky habarlar
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow