Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň IV gurultaýy geçirildi. Onuň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu syýasy guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi.
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Şu gün ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Olaryň çäklerinde sergiler, maslahatlar, alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, beýleki medeni çäreler geçirildi. Paýtagtymyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirilip, onda assosiasiýanyň düzümine täze agzalar kabul edildi, ýurdumyzyň iň gowy itşynaslaryna «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar dakyldy.
Şu gün paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýrylmaz bölegidir. Şunda halk seçgiçiliginiň usullarynyň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň peýdalanylmagyna ähmiýet berilýär.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda BRIKS agza ýurtlaryň nobatdaky sammiti geçirilýär, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar.
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen çärä Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, iki ýurduň ylym-bilim ulgamynyň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy wakalarynyň biri boldy.
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň özbek diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.