Sport
18.06 2025

Şu gün paýtagtymyzda üç gün dowam eden küşt boýunça halkara ýaryş tamamlandy.

16.06 2025

Şu gün paýtagtymyzda Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilýän küşt boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy.

16.05 2025

Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň  Çagyryş ligasynyň Kambojanyň Pnompen şäherindäki Morodok Teho milli stadionynda geçirilen final duşuşygynda “Arkadag” futbol toparynyň gazanan ajaýyp ýeňşi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasyny tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de “Arkadag” futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine we janköýerlerine iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

12.05 2025

Şu gün Arkadag şäherinde “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň hormatyna dabaraly çäreler geçirildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli sportumyzyň, şol sanda täze şäheriň futbol toparynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

24.04 2025

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi bilen tamamlandy. Bu ýaryş 2024-nji ýylyň maýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.

23.04 2025

Şu gün paýtagtymyzda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenler gatnaşýarlar.

16.11 2024

Şu gün paýtagtymyzda Ýewropa we Aziýa döwletleriniň 12-sine wekilçilik edip ýurdumyza gelen 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ýapylyş dabarasy boldy.

11.11 2024

Şu gün paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Ýaryşa Ýewropanyň we Aziýanyň 12 ýurdundan türgenler gatnaşýar.

27.07 2024

26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar. 

22.07 2024

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy.

45 sahypa
Soňky habarlar
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.07
Döwlet Baştutanymyz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Jemgyýetde sanly özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň orny
03.07
«Bilim» ylmy-usuly žurnalynyň ýörite sany