Resmi
08.06 2021

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda telekeçilik işini höweslendirmek, telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegini kämilleşdirmek, telekeçiligiň ykdysadyýetde eýeleýän ornuny has-da artdyrmak, şeýle hem täze iş ýerlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky” Karara gol çekdi.

04.06 2021

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

03.06 2021

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 24-nji Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 3-4-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

02.06 2021

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, içerki gullugyň podpolkownigi Nuraýew Jumamyrat Orazdurdyýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

30.05 2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak, ruhy gymmatlyklarymyzy aýap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy milli halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde hem öz beýanyny tapýar. Biz dünýä meşhur halylary dokaýan halyçylarymyzyň çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmetine ýokary baha berýäris.

27.05 2021

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, 2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

24.05 2021

Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

24.05 2021

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Aşgabat şäheriniň demirgazygynda sanly tehnologiýalara esaslanýan “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň ýokary derejede gurulmagyny üpjün etmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokarda agzalan ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyny toplumlaýyn guramaçylykly alyp barmak boýunça Pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

23.05 2021

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Hojamuhammedowiç Amanlyýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Alžir Halk Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

146 sahypa
Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany