Resmi
25.12 2016
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Ýusupow Muhammetgeldi Nurmuhammedowiç Aşgabat şäherinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri talabalaýyk guramandygy we işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
21.12 2016
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan duýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti buýruga gol çekdi.
16.12 2016
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
15.12 2016
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda:
10.12 2016
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işlere prokuror gözegçiligini gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň başlygy Gulow Baýramnazar Allanazarowiçe berk käýinç yglan edildi.
09.12 2016
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Milli baýramy – Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Milli baýramy – Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi.
18.11 2016
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde işleri pes derejede alyp barandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamämmedow Bäşimmyrat Atamyradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
18.11 2016
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagatynda innowasion esasda elektron pudagy döretmek we ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat ministrligine elektrik energiýasynyň sarp edilişini hasaba alyjy elektron abzallary öndürýän önümçilik we barlaghana enjamlar toplumlaryny hem-de elektron abzallaryň şaýlaryny satyn almak, olary gurnamak hem-de işe goýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş” türk kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
16.11 2016
“Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
15.11 2016
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň arasyndaky gadymdan gelýän doganlyk gatnaşyklaryny hem-de özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň häzirki derejesini göz öňünde tutup, Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işini guramaçylykly alyp barmagy üçin degişli şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine ýokarda agzalan ilçihanany paýtagtymyzda ýerleşdirmek üçin degişli şertnamany bellenen tertipde baglaşmak tabşyryldy.
146 sahypa
Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany