Resmi
08.10 2025

Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran 2222-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.  

03.10 2025

Orazmuhammet Atajanowiç Çaryýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Palestina Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Iordaniýa Haşimit Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Oman Soltanlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Müsür Arap Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipelerinden boşatmaly.

03.10 2025

Muhammetgeldi Nurberdiýewiç Aýazowy Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

03.10 2025

Serdarmämmet Saparmämmedowiç Garajaýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu-Dabi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Yrak Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.

03.10 2025

Baýram Akmyradowiç Baýramowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermeli.

03.10 2025

Baýram Akmyradowiç Baýramowy Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu-Dabi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

03.10 2025

Muhammetgeldi Nurberdiýewiç Aýazowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky (Ýerewan şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Liwan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.

03.10 2025

Guwançgeldi Döwletgeldiýewiç Myradowy Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.

03.10 2025

Polat Kakajanowiç Atakowy Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.

03.10 2025

Şageldi Gurbandurdyýewiç Saparowy Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.

148 sahypa
Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady