Resmi
13.03 2026

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň, her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi.

13.03 2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

13.03 2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanda 2026-njy ýylda bag ekmek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

13.03 2026

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem Oraza aýy we mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.  

07.03 2026

Mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuna barýan güneşli Diýarymyzyň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan guwandyryjy netijeler, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler Bitarap Watanymyzy Ýer ýüzüniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşýar. Alnyp barylýan tutumly bu işler agzybir halkymyzyň bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy, jemgyýetimiziň yzygiderli kämilleşmegi we öňe gitmegi üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär. Berkarar ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine, şan-şöhratly ýeňişlerine zenanlar mynasyp goşant goşýarlar.

06.03 2026

Ýurdumyzyň ilatynyň Halkara zenanlar gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

06.03 2026

Aksoltan Toreýewna Ataýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili, Türkmenistanyň Kuba Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Braziliýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Wenesuela Boliwarian Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.

06.03 2026

Meret Baýramowiç Orazowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Meksikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Kanadadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekili wezipelerinden boşatmaly.

06.03 2026

Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.

06.03 2026

Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

145 sahypa
Soňky habarlar
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany