Resmi
27.06 2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Handurdy Şadurdyýewiç Handurdyýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

27.06 2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hydyrguly Atamyradowiç Kadyrow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

20.06 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we ýer eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde 2026-njy ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.

20.06 2025

Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek we amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy.

13.06 2025

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Buý­ru­ga gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, hal­ka­ra yk­dy­sa­dy fo­ru­ma gat­naş­mak üçin Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry N.Ata­gu­ly­ýe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýe­t 2025-nji ýy­lyň 17 — 21-nji iýu­ny ara­ly­gyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da gul­luk iş sa­pa­ryn­da bo­lar.

12.06 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, karar edýärin:

04.06 2025

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

29.05 2025

Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

29.05 2025

«Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasyny ýerine ýetirmek, şeýle hem howply önümçilik desgalarynyň howpsuz ulanylmagyny, senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagynyň talabalaýyk guralmagyny we amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

25.05 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, kämilleşdirmek hem-de geljek nesillerimize ýetirmek ugrunda ýurdumyzda amala aşyrylýan netijeli işler adamzadyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan gadymy halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde hem möhüm ähmiýete eýedir. Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan deňsiz-taýsyz goşandydyr. Dürli öwüşginli dünýä meşhur halylary dokaýan çeper elli gelin-gyzlarymyzyň bu ugurda alyp barýan işleri juda uludyr, olar döwlet derejesinde sylag-hormata mynasypdyr.

129 sahypa
Soňky habarlar
21.08
Aşgabatda çagalar üçin halkara sergi-ýarmarka açyldy
21.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
20.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
20.08
«Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
20.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi