Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etdirip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde we guramagynda 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Owganystanyň Hyrat welaýatynda bolup geçen ýertitreme zerarly doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň çagalaryna 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň “Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny amala aşyrmak hakynda” 2023-nji ýylyň 7-nji martynda çykaran 473-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Arkadag şäherinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, doly taýýar edip gurmak şertinde ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendigi, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandygy üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal we göreldeli zähmetini, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Meretdurdy Baýmyradowiç Abdyllaýew Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly wezipesine bellenildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Bitarap döwletimiziň her güni zähmet ýeňişleri bilen şöhratlanýar.
Ykdysady taýdan ýokary netijeleri gazanýan berkarar Watanymyz Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylap, bu gün beýik ýeňişleredir guwandyryjy wakalara beslenýär.
Ata Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny uly dabaralara besläp, ajaýyp üstünlikler bilen garşylaýar.
Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň, her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle-de belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.