Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna sapar bilen ugrady. Awstriýa ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelende, Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň içeri we daşary syýasy ähmiýetli wakalara baý günlerinde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy Türkmenistanda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde sport diplomatiýasynyň yzygiderli ilerledilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Sizi adamzadyň belent ynsanperwer däplerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň içeri we daşary syýasy ähmiýetli wakalara baý günlerinde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny geçirdi.