Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Prezidenti hanym Katalin Nowaga hem-de Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana Wengriýanyň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Prezidenti hanym Katalin Nowaga hem-de Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana Wengriýanyň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana Wengriýada geçiriljek baýramçylyk we sport dabaralaryna gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa sapar bilen gelmek baradaky çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk hatyny iberdi.
Budapeştde iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
Wengriýa Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan energetika syýasatyna ýokary baha berýär hem-de bu babatdaky hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Budapeştde iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň dowamynda Budapeştde Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşdy.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Wengriýa ugrady. Budapeşte çenli uçuşy amala aşyryp, Prezidentimiziň uçary Wengriýanyň paýtagtynyň «Ferens List» Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi wekiller garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbandan ýeňil atletikada möhüm waka — Merkezi Ýewropada ilkinji gezek geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmaga çakylyk haty gelip gowuşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbandan ýeňil atletikada möhüm waka — Merkezi Ýewropada ilkinji gezek geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmaga çakylyk haty gelip gowuşdy.