Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
20.12 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylyşy, Täze ýyly garşylamaga taýýarlyk görlüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

20.12 2021

Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi.

19.12 2021

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň dördünji mejlisi geçirildi. Onda 4-nji dekabrda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň 16-njy maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy.

17.12 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

16.12 2021

Siziň Alyhezretiňizi hem-de türkmen halkyny doganlyk we dostlukly Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

15.12 2021

Sizi türkmen döwletiniň taryhynda möhüm wakalaryň biri bolan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň yzysüre — 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda döredilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasy özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda ilkinji we täsirli syýasy gurama hökmünde orta çykdy. 

15.12 2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewe Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

15.12 2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

15.12 2021

Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma we hojalyk harytlaryndan hem-de nebit önümlerinden ybarat ynsanperwerlik kömegi ýetirildi.

13.12 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

813 sahypa
Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler