Şu gün paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Häzirki döwürde Türkmenistan giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde örän uly wezipeler durýar. Biz döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmek boýunça kanun çykaryjylygy kämilleşdirmäge ýardam bermelidiris. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza esaslanýan ynsanperwer hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen ugrumyzy has netijeli durmuşa geçirmäge hemaýat etmelidiris.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hakynda
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalaryny bellemek hakynda
14-nji aprelde Jenewada onlaýn-görnüşde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Halkara Zähmet Guramasynyň «Iş üpjünçilik syýasaty baradaky» Konwensiýasynyň ratifisirlenmeginiň namasy HZG-niň Baş direktory Gaý Raýdere dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Size hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna musulman ymmatynyň sarpa goýýan mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen bagly päk niýetli arzuwlarymy hem-de tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermäge örän şatdyryn.
Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýkony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we degişli hasabatlar diňlenip, amala aşyrylan işlere baha berildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.