29.12
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen duşuşyk geçirdi. Onlaýn duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem gatnaşdy.
28.12
2020
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda şu gün geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
28.12
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň gatnaşmagynda häzirki zaman şertlerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, şonuň ýaly-da demokratiýanyň esaslaryny berkitmekde zenanlaryň ykdysady, durmuş, medeni hukuklaryny giňeltmegiň meselelerine bagyşlanan “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi.
28.12
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nurberdi Garýagdyýewiç Nurberdiýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi.
27.12
2020
Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gezelenç etdi. Owunjaklap ýagan gar bu töwerekleri ak lybasa besledi.
25.12
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna"" laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem tehnologik desgalary abat saklamak, önümçilik işleriniň bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna zawodlar toplumynyň 1-nji we 2-nji baş peseldiji elektrik beketleriniň durkuny täzelemek barada Konsorsiumyň düzümine girýän Hytaý Halk Respublikasynyň (Gonkong) “INVEST Enterprises Limited” kompaniýasy we “Azap” hususy kärhanasy bilen şertnamany, işleri 18 aýyň dowamynda tamamlamak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
25.12
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.
24.12
2020
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Ermenistanyň Milli kitaphanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga badalga berildi.
24.12
2020
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen iş duşuşygynda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri hem-de mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
23.12
2020
Şu gun hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk görnüşde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.