08.12
2020
Şu gün paýtagtymyzda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) hem-de ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilelikdäki täze taslamalaryna badalga berdi.
08.12
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Guwanç Döwletmämmedowiç Orunow Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.
08.12
2020
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň azerbaýjan dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
07.12
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly obasenagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi.
07.12
2020
Şu gün Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara serginiň çäklerinde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ukrain dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy guraldy.
07.12
2020
Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygy (MASYH) Maksatnamasynyň agza ýurtlarynyň onlaýn görnüşinde geçirilen 19-njy ministrler maslahatyna gatnaşdy.
06.12
2020
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri telekeçiligiň hukuk gurşawyny kämilleşdirmäge bagyşlanan, wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdylar.
06.12
2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 262-si hasaba alyndy.
06.12
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda “Nesil saglygy babatda ýokary hilli hyzmatlara umumy elýeterliligi gowulandyrmak” atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna”;
06.12
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda çapdan çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem, dünýäniň dürli dillerine terjime edilip daşary döwletlerde-de hem giň meşhurlyga eýe boldy.